Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizildi.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň hukuk esaslaryny kemala getirmäge, pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen täze kanunlary kabul etmek we hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Hususan-da, Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak işleriniň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Şeýle-de daşary ýurtlaryň parlamentleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada habar berildi. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň Başlygy deputatlaryň Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ekoulgamlary gorap saklamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça guran çärelerine gatnaşandyklaryny belledi.

Mejlisiň deputatlary öz saýlaw okruglarynda Garaşsyz Watanymyzy ösdürmek strategiýasynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleriň, amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň taryhy ähmiýetini wagyz etmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalary işlenip taýýarlanylanda, olaryň kämil, döwrebap bolmagyny gazanmagyň möhümdigini belledi. Bu kanunlar döwletimiziň alyp barýan netijeli syýasatyny görkezmelidir, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji dekabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, şu ýylyň 20-nji dekabryna çenli eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan zähmet haklarynyň doly tölenendigi barada habar berildi. Şunuň bilen birlikde, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary hem doly tölenildi.

Soňra wise-premýer Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatda şertnama baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bank işini kämilleşdirmäge, bu ulgama döwrebap halkara ülňüleri ornaşdyrmaga, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri we ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň bank ulgamy bilen bagly işleri yzygiderli kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere halkara tejribeden ugur alyp, bu babatda degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebithimiýa senagatyny kämilleşdirmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek maksady bilen, döwlet konserniniň düzümlerinde zerur işler, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda önümçilik kärhanalarynyň, hususan-da, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly taslama kuwwatynda işledilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekin meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýygnalan pagta hasylyny talabalaýyk saklamak, ýokary hilli gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak we olaryň ýyly, dok gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralyşyna gözegçiligi has-da güýçlendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak, hususan-da, “Guwlyduz” kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uly islegden peýdalanýan, ekologik taýdan bäsdeşlige ukyply ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan döwrebap önümçilikleri ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynda netijeli we sazlaşykly işiň guralmagynyň berk talap bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz konserniň «Guwlyduz» kombinatynda täze önümçiligi ýola goýmak boýunça teklipleri goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy hereket edip, olara dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ornaşdyryldy. Bu kärhanalarda öndürilýän önümler içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, kärhanalary önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalary bilen göni hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň ýokary depginde ösýän dokma pudagynda täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döwrüň talabydygyny belledi. Şoňa görä-de, bu ulgamda halkara tejribeden ugur alynmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli işleri ýola goýmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, täze, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dürli forumlary, duşuşyklary, sergileri, konsertleri, aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek meýilleşdirilýär.

Hasabatyň dowamynda täze ýylyň ilkinji gününde göz öňünde tutulan dabaralar barada aýratyn durlup geçildi. Hususan-da, Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar üçin baýramçylyk çäreleri guralar, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlaryň hem-de Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky baş arçanyň ýanynda köp sanly dabaralar geçiriler.

Geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, “Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi, zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi bar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Bu çäreler Garaşsyz ýurdumyzyň täze sepgitlere tarap batly gadamlaryny giňden açyp görkezmelidir. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Täze ýyl baýramyny hem-de 2024-nji ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini geçirmek boýunça taýýarlanylan meýilnamalar barada hasabat berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Täze ýyl baýramçylyk dabaralary çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerde, medeni-dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde guramaçylykly geçirilýär. Körpelere we ýetginjeklere niýetlenen sahna oýunlarydyr kinofilmleriň görkezilişi, ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýerlerine, muzeýlere gezelençler göz öňünde tutulýar.

Ýetip gelýän 2024-nji ýylyň birinji gününde, asylly däbe eýerip, Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylar. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda bu ýerde çagalaryň jemi 4 müňüsine sowgatlar berler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralary ýokary derejede geçirmegi hem-de mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerini talabalaýyk guramagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu wakanyň Gahryman Arkadagymyzyň durnukly ulag we energetika babatda öňe süren strategik başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň nyşanydygy nygtaldy. Şol başlangyçlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyzy we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bu daşary syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, wise-premýer, daşary işler ministri Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, ýurdumyzyň rowaçlygy, türkmenistanlylaryň abadançylygy, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galdyrylmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen syýasy, durmuş-ykdysady, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini bellemek gerek. Bu däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak maksady bilen, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip etdi. Bu başlangyjy amala aşyrmak, şeýle-de agzalan Strategiýanyň esasy ugurlaryny we many-mazmun taýdan görnüşini kesgitlemek maksady bilen, BMG-niň çäklerinde degişli iş toparyny döretmegi öwrenmek meselesine garamak teklip edilýär. Onuň düzümine Bitaraplygyň dostlary toparyna girýän döwletleriň wekilleri girip bilerler.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Aşgabatdaky BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň» çäklerinde döredilen degişli Milli iş toparlarynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin şeýle maksatnamany taýýarlamagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde degişli işe başlamak teklip edilýär.

Şeýle-de Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça pudagara toparynyň çäginde howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hünärmenler toparyny döretmek we bu topara Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP28) kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmegi tabşyrmak teklip edilýär. Türkmenistanda geçirilen Ýaşlar maslahatynyň netijeleri boýunça we türkmen ýaşlarynyň BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen 18-nji Bütindünýä ýaşlar maslahatyna gatnaşmagy esasynda 2024-nji ýyl üçin howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we uýgunlaşmak boýunça iş meýilnamasyny taýýarlamak hem teklip edilýär.

Ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri adamlaryň azatlyklaryny we hukuklaryny goramaga gönükdirilendir. Bu babatda öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň Adalatçysynyň ähmiýeti uludyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini güýçlendirmek maksady bilen, Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak meselesini öwrenmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz BMG bilen gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlara aýratyn üns bermegiň hem-de öňe sürülýän başlangyçlar boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Howa kodeksine, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň degişli standartlaryna hem-de tejribesine laýyklykda, uçuşlaryň ýokary derejedäki howpsuzlygyny, durnuklylygyny, netijeliligini üpjün etmäge, bu ulgamda hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen utgaşykly işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny kämilleşdirmek işinde onuň howpsuzlyk meselesine uly ornuň degişlidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda işiň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şanly senäni dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak, Magtymguly Pyragy portalyny döretmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, halkara derejede geçirilýän çäreleriň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljek ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly köp çäreleriň geçiriljekdigini nygtap, akyldar şahyrymyzyň şanly toýy mynasybetli poçta markalaryny goýbermek we olaryň şekil taslamasyny düzmek üçin döredijilik bäsleşigini ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, Täze ýylyň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlaryň gelip gowşandygyny belledi. 19-njy dekabrda bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen öňe sürlüp, ozal hem birnäçe gezek ykrar edilen bu halkara resminamalara dünýä ýurtlarynyň köp sanlysynyň awtordaş bolup çykyş etmegi olaryň tutuş adamzat üçin örän möhümdigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygynyň nobatdaky güwäsi boldy.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary giňden goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we geljekde-de Birleşen Milletler Guramasy bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we ähli watandaşlarymyzy gelip gowşan hoş habarlar — ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/39100/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-106