Biz barada
Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasy (TPG) işini deňhukuklylyk, öz-özüňi dolandyrmak we kanunylyk ýörelgeleri esasynda hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine, "Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we öz Tertipnamasyna laýyklykda alyp barýan haýyr-sahawat, täjirçilik däl jemgyýetçilik birleşigidir. Ol häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryny wagyz edýär, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, edara-kärhanalarda dürli medeni çäreleri, ýazyjy-şahyrlar, artistler bilen döredijilik söhbetdeşliklerini, ýaşlaryň zähmet we uruş weteranlary bilen duşuşuklaryny yzygiderli gurap, öz mynasyp goşandyny goşýar.Hususan-da, mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda geçirilýän parahatçylyga bagyşlanan surat, watançylyk aýdymlarynyň, hünär bäsleşikleri, milli mirasy aýawly saklamak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek baradaky wagyz-nesihat çäreleri ýaş nesliň söýgüli hünärini saýlamagyna, zehinini açyp görkezmegine giň mümkinçilik açýar.Çäreler ýaşlarymyzyň sagdyn, maksada okgunly, öz Watanynyň mynasyp raýatlary bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasy Türkmenistan tarapyndan ykrar edilen halkara hukuk resminamalarynyň ýörelgelerine we kadalaryna daýanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ”Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelgesinden ugur alyp,öz wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen,Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýär.Birleşik raýatlaryň parahatçylyk söýüjilik taglymlaryny goldamagyň maddy esasy bolup, onuň serişdeleri parahatçylygy berkitmek ugrundaky başlangyçlara, tebigy heläkçilikleriň we harby hereketleriň pidalaryna kömek bermäge, durmuş we ekologiýa maksatnamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilýär. Gazna kanun çykaryjy,ýerine ýetiriji we döwlet dolandyryşynyň beýleki edaralary, hojalyk dolandyryş edaralary, gaýry jemgyýetçilik birleşikleri bilen gatnaşyklaryny deňhukukly hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ýörelgelerinde guraýar. Birleşigiň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge gatnaşýan, Türkmenistanyň kämillik ýaşyna ýeten raýatlary, şeýle hem islendik jemgyýetçilik birleşikleri we guramalary Gaznanyň gatnaşyjysy bolup bilýärler.
Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasy umumadamzat gymmatlyklary ugrunda çykyş edýär, Türkmenistanyň demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwlet hökmünde berkemegine ýardam berýär. Birleşik Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işine hem gatnaşýar. Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň işiniň maksatlary adamlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy, özara düşünişmegi we ylalaşygy pugtalandyrmakdan, rehimlilik we ynsanperwerlik taglymlaryny wagyz etmekden we durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Olaryň amala aşyrylmagy üçin Gazna şu wezipeleri ýerine ýetirýär:
-raýatlaryň parahatçylyk, dostluk, özara düşünişmek we ylalaşmak ýörelgelerinde terbiýelenmegine, adamlaryň arasyndaky sosial üzňeligi we millet aýrybaşgalygyny ýeňip geçmäge, jemgyýetiň bitewüligini berkitmäge ýardam edýär;
-milli taglymaty, halkyň umumadamzat , ahlak we watançylyk gymmatlyklaryny wagyz edýär, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik we internasiolizm ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär;
-uruş we zähmet weteranlarynyň, uruşda wepat bolanlaryň maşgalalarynyň maddy-durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda alada edýär;
-ilatyň saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek işine gatnaşýar;
-zehinli çagalary we ýaşlary goldaýar.
Gaznanyň işiniň esasy ugurlary halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy we ylalaşygy pugtalandyrmaga ýardam bermekden, ynsanperwerligi we rehimliligi ösdürmekden, haýyr-sahawatlylykdan, milli, dini we sosial gapma-garşylyklaryň öňüni almakdan, adam hukuklaryny goramakdan, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden we beýlekilerden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň baş maksady hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasatyny goldamakdan, parahatçylyk söýüjilikli halkara başlangyçlarynyň, daşary syýasy strategiýasynyň mazmunyny we maksatlaryny halkyň arasynda düşündirmekden, bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi ugrunda çykyş edip, halklaryň arasynda dostlugy we ylalaşygy berkitmäge işjeň gatnaşmakdan ybarat. Şu maksatly geçirilýän çäreler döwlet Baştutanymyzyň “Açyk gapylar”syýasaty esasynda alyp barýan beýik işlerinde öz mynasyp ornuny eýeleýär.