Magtymgula bagyşlanan duşuşyk
22-nji aprelde «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy M.Kasymow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, şahyr S.Ilamanow Magtymguly Pyragynyň goşgularyny labyzly okadylar. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr N.Gozlyýewa, filologiýa ylymlarynyň kandidaty T.Täçmämmedowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy G.Annanyýazowa dagy çykyş edip, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň ösüp gelýän ýaş nesillerimizi belent watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti, ýaşlary ene dilimiziň baý hazynasyny inçeden öwrenmäge höweslendirmek, olaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek barada täsirli gürrüň berdiler.
Bu ýerde guralan sergide ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň dürli ýyllarda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlap çeken suratlary görkezildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagtyýar talyplary duşuşygy akyldar şahyryň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlar bilen bezediler.
Ýörite habarçymyz
“Edebiýat we sungat” gazeti
26.04.2024 ý