Hünäre höwesli ýaşlar
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, ýaşlary dürli kärleriň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak, olarda zähmete bolan söýgini terbiýelemek, dünýägaraýşyny giňeltmek, hünäre ugrukdyrmak, durmuşda öz ornuny tapmaga kömek bermek maksady bilen, paýtagtdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synplarynyň okuwçylary üçin «Hünär şäherjigi» atly baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen badalga alan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň daýanjy we geljegi bolan ýaşlaryň söýgüli hünärlerine eýe bolmagy üçin uly aladalar edilýär.
Çärä gatnaşan tejribeli mugallymlar, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri ýaşlar bilen söhbetdeş boldular, olaryň sowallaryna jogap berdiler.
Ýurdumyzyň beýik ýeňişlerinden ruhlanyp, ylhamlary joşýan suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň, zergärlerimiziň, medeniýet işgärlerimiziň döreden sungat eserlerinden, öýlerimizi, toýlarymyzy, şäherlerimizi bezeýän eli çeper halyçylarymyzyň nepisden-nepis halylaryndan, amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryndan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan taslamalaryndan ybarat sergi çäräniň esasy bezegi boldy.
Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar täze taryhy döwürde Diýarymyzy, mähriban halkymyzy bagtyýar we röwşen geljege alyp barýan hem-de ýaşlaryň göwün söýen hünärlerini ele almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat Muhammedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri
“Türkmenistan” gazeti
24.05.2024 ý