Ýoluňyz ak bolsun!
Ýakynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň hem-de Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, şeýle-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Hünär şäherjigi» atly wagyz-nesihat çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Oňa tejribeli mugallymlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri, şeýle hem gutardyş synp okuwçylary gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda ussat mugallymlaryň çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda beýan edişi ýaly, hünäri dogry saýlap almak meselesiniň örän zerurdygyny aýtdylar. Her bir hünäriniň ýokary jogapkärçiligi talap edýändigini, hut şonuň üçin islendik käri saýlap alan her bir adamyň, yhlasly okap, höwesli we halal zähmet çekmelidigi tekrarlandy. Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişmekleri ündeldi.
Çykyş edenler orta mekdebi tamamlaýan uçurymlary şatlykly pursat bilen gutlap, saýlap aljak ugurlarynda ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterjek ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.
Ýurdumyzyň suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, zergärleriň döreden sungat eserlerinden, çeper elli halyçylaryň nepis halylaryndan, mekdep okuwçylaryň taýýarlan işlerinden guralan sergi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Merjen Ýazlyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Watan»
«Watan» gazeti
25.05.2024 ý