Parahatçylyk: çagalaryň sesi

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şeýlelikde, ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenilip, her ugur boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlar kesgitlenildi.

Ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň işlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ýaş nesli watançylyk, parahatsöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelenmegi, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinleriniň ýüze çykarylmagy babatda alnyp barylýan işler, ýaş nesliň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlary öz beýanyny tapýar. Ýeňijilere hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

«Nesil»

03.12.2024 ý