Çagalaryň sesi — bagtyň mukamy

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda geçirilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy.

Bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde gurady. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Bäsleşik üç ugur — düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, soňra etrap-şäher hem-de welaýat derejelerinde geçirildi. Bu tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.

«Dünýä dursun parahat!» diýen tema boýunça taýýarlanan düzmelerde, çekilen suratlarda we ýasalan maketlerde ýurdumyzyň beýik ösüşleri, parahatcylyk söýüjilik ýörelgeleri, üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, baky Bitaraplygymyzyň gazananlary, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper keşbi öz beýanyny tapdy.

Ýeňijiler bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy.

(Ýörite habarçymyz).

“Türkmenistan” gazeti

03.12.2024 ý