Adamzadyň müdimi gymmatlygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda döredip berýän şertleri hem-de goldawlary esasynda ähli milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň işjeň agzalary hem bu wezipeleri amala aşyrmakda yhlasly zähmet çekýärler. Eziz Diýarymyzyň has hem gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, asyrlaryň gatlaryna siňen milli medeni mirasymyzy, asylly däp-dessurlarymyzy halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek, ene dilimizi, şöhratly taryhymyzy çuň öwrenmek hem ýaşlarymyza öwretmek, Watanymyza wepaly ogul-gyzlary terbiýelemek jemgyýetçilik guramalarynyň esasy borjy bolup, oňa birleşigimiziň agzalarynyň her biri örän oňat düşünýär.
Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy raýatlaryň parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny goldaýan, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýörelgelerini, dialogyň ähmiýetini halkymyzyň içinde, aýratyn hem, ýaşlaryň arasynda wagyz edýän jemgyýetçilik birleşigidir. Ol dürli edaralar we jemgyýetçilik guramalary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleri bilen bilelikde wagyz-ündew etmek işlerini alyp barýar, dürli görnüşli täsirli çäreleri guraýar.
Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy birleşiginiň baş maksady hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny içgin düşündirmekden, ýaýmakdan, parahatçylygyň bütin dünýäde dabaralanmagy üçin halklaryň arasynda dostlugy we ylalaşygy berkitmäge goşant goşmakdan ybarat. Şu maksat bilen geçirýän çärelerimizde hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasaty esasynda alyp barýan beýik işleri öz mynasyp beýanyny tapýar. Birleşigimiz degişli işleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan, Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan ýörelgelerden, sarpasy belent Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň işlerimizi täze döwrüň talabyna laýyklykda guramak barada beren tabşyryklaryndan ugur alýar.
2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin birleşigimiziň iş meýilnamasynda hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatyny we şonuň bilen bagly halkara başlangyçlaryny, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny wagyz edip, ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegi, milli mirasymyzy, ajaýyp tebigatymyzy, ene dilimizi aýawly saklamaga çagyrýan, ynsanperwerligi, dünýä halklary bilen dost-doganlygy ündeýän, parahat durmuşymyzy wasp edýän dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutuldy.
Adamzat mydama parahat durmuşyň arzuwynda. Şol sebäpden hem sungatyň ähli görnüşi parahat durmuşa bolan söýgini beýan edýändir. Parahatçylyk adamlaryň bagtyýar ýaşamagynyň hökmany şertidir. Hut şonuň üçin hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa biziň ýurdumyzda ählumumy parahatçylygy berkitmek barada edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilip, uly goldaw tapýandygyny görkezýär. Parahatçylyk ähli halklary birleşdirip biljek gymmatlykdyr. Parahatçylyk ýoly ähli gapma-garşylyklary aradan aýyrmak üçin paýhas ýoludyr. Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň rowaçlanmagyny ähli zatdan ileri tutýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň asudalyk, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek babatynda edýän aladalary ummasyzdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyza Tatarystan Respublikasynyň «Dostluk» ordeniniň gowşurylmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Geçen taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistan parahatçylykly ýol bilen, birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak arkaly dünýä syýasatynda netijeli diplomatik gatnaşyklaryň üsti bilen ýokary ösüşlere ýetip bolýandygyny bütin dünýä subut etdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesini döretmek baradaky başlangyjy bolsa, aýratyn bir filosofiýa bolmak bilen, oňa halkymyzyň iň gowy däpleri, gadymy ýörelgeleri siňendir.
Döreýän kynçylyklary ýeňip geçmekde ýeke-täk parahatçylykly ýol medeniýetli gürleşip, düşünişip çözmekdir. Adamlaryň ýa-da döwletleriň arasynda, tapawudy ýok, dartgynly ýagdaýdan baş alyp çykmak, düşünişmek üçin dialog gerek. Dialog — gürleşmek, pikir alyşmak, söhbet etmek, biri-biriňi diňlemek, biri-biriňi eşitmek, hormatlamak, meseläni hemmetaraplaýyn öwrenip, onuň ähli gyraňlaryny, ýitgilerini hem bähbitlerini seljerip, paýhas eleginden geçirip, ynsanperwer, özara bähbitli çözgüdi tapmak. Dürli çözgütler bolsa dürli netijelere getirýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkyna mahsus asylly, ynsanperwer ýoly — parahatçylygyň ýoluny — dialogy öňe sürýär. Bu hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öz halkynyň bagtly durmuşy, röwşen geljegi bilen birlikde, dünýä halklarynyň hem parahat durmuşda ýaşamagy barada oýlanýandyklarynyň, aladalanýandyklarynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň gülläp ösmeginde asylly işleri amala aşyrýan, täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy röwşen geljege alyp barýan, dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Goý, türkmen topragynda mydama agzybirlik, abadançylyk, bagtyýarlyk we parahatçylykly gülläp ösüş dabaralansyn!
Maýsa Saryýewa, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy
“Watan” gazeti
14.01.2025 ý