2023 ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly
Päk ahlakly ýaş nesiller ýetişýär
Arkadagyň aladasy ýaş nesil,
Beýik geljek bardyr ýaşlaň aňynda.
Watançylyk duýgularny oýarmak
Biziň borjumyzdyr olaň aňynda.
Ýaramaz gylyklar, şer işler mydam
Aňtap ýörler adamzadyň ahmalyn.
Körpe nesle görüm-görelde gerek,
Päk saklamak üçin olaň ahlagyn.
Ynsany bezeýär ahlak päkligi
hem ruhy sagdynlyk,
beden berkligi.
Ata-babalarmyz bar zatdan ozal
Öňde goýdy batyrlygy, mertligi.
Bagtyýar döwürde,
Berkarar ýurtda
päk ahlakly körpe nesil ýetişýär.
Çirk ýokmasyn, körpe nesliň aňyna,
Bu işde ulular bolmaly hüşgär.
Goý, olar okasyn, bilimli bolsun,
ýaryşlarda ozsun,
öňe saýlansyn.
Atalaryň öwüt,
Pent-nesihaty
Mydam olaň aňlarynda aýlansyn.
Olaň aňy-düşünjesi,
Zehini
Hyzmat etsin ile-ýurda, Watana.
Türkmen mertebesin Arşa galdyryp,
At-abraýyn ýaýsyn jümle-jahana.
Türkmen halky gadym döwürden bäri
Ygrarlydyr zähmetine, kesbine.
Ana-babalarmyz päk ahlagy hem
Mertlik miras goýupdyrlar nesline.
Şu günki nesiller
Ýurduň ertirki
Är ýigitleridir,
Haýaly gyzy.
Dowam etmelidir Oguz babamyň,
Gorkut ataň, beýik Göroglyň yzyn.
Ine,şonuň üçin Arkadagymyz
Ýaş nesilleň terbiýesi hakynda
Edýär gije-gündiz alada baryn.
Şeýle bir nakyl bar türkmen halkynda:
“Ata ogla, ene gyza görelde”,
Ýaş nesle görkezip göreldämizi,
Aňlaryn päk saklap, dowam edeliň
Ata-baba gelýän ýörelgämizi.