Sahawatlylygyň seresi
Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parahatçylyksöýüjilikli halkara başlangyçlaryny dünýä ýaýmakda, ýurdumyzyň daşary syýasatyny halkara giňişliginde wagyz etmekde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan hem netijeli işler alnyp barylýar. Öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, beýleki kanunçylyk namalaryna we öz Tertipnamasyna laýyklykda ýola goýýan bu gazna Milli Liderimiziň ynsanperwerlige ýugrulan tutumly başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Okgunly ösüşleriň röwşen ýolundan barýan döwletimizde pederlerimiziň ynsanperwerlik däpleriniň dowamat-dowam bolmagyny gazanmakda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işler bize görelde alarlyk nusga bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeklerini gazanmak, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan işler halkymyza bagtyýarlyk, maşgalalara egsilmez şatlyk eçilýär. Çünki şol beýik işleriň netijesinde bagtyýar nesilleriň ençemesi saglygyna gowuşdy, olaryň durmuş taýdan goraglylygy ençeme esse gowulandyryldy. Şeýle-de gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň hassahanalarydyr saglygy goraýyş edaralarynyň, oba saglyk öýleriniň zerur lukmançylyk enjamlary we serişdeleri bilen üpjünçiligi yzygiderli artdyrylýar. Enäniň we çaganyň saglygyny goramaga, kömege mätäç çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, ýaş nesliň dünýä ülňülerine gabat gelýän sowatlylygyny gazanmaga, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen şeýle döwletli işleriň yzygiderli dowam etdirilmegi il-günümiziň mähir, alada, sahawat nury bilen gurşalyp alnandygyny görkezýär.
Şeýle il-ýurt bähbitli sahawatly çäreler Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň hem-de Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümleri-de bu asylly işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen welaýat, etrap, şäher häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary we degişli saglygy goraýyş edaralary bilen bilelikde ysnyşykly iş alyp barýarlar. Parahatçylyk gaznasynyň we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümleriniň wekilleri işlerini utgaşykly gurap, hormatly Prezidentimiziň parahatçylyksöýüjilige we ynanyşmaga gönükdirilen döwlet syýasatyndan we ynsanperwerlige, rehimdarlyga ýugrulan ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, geçirýän çäreleriniň gerimini giňeltmek, netijeliligini üpjün etmek maksady bilen 2025-nji ýylyň iş meýilnamasyny işläp düzdüler. Meýilnama laýyklykda halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy», «Watan goragy — mukaddes borç», «Akyl giňişligi», «Adam ömrüniň howpsuzlygy», «Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň kadalary», «Maşgala mukaddesligi» diýen mowzuklar boýunça wagyz-ündew çäreleri, okuw maslahatlary we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýan ildeşlerimizi bolsa ýörite höweslendiriji baýraklar, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglaýarys.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet syýasatymyzda adam hakdaky aladalary gowşatmaýan, il-günümiziň, tutuş dünýä halklarynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi üçin giň gerimli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, umumadamzat bähbitli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Babaguly Alyýew, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň başlygy
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti
20.02.2025 ý