Hü­när­li ýaş­lar — Watan guwanjy

Ýaş­la­ry hü­nä­re ug­ruk­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, şeý­le-de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li, ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Jem­gy­ýet­çi­lik guramalarynyň mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pa­ra­hat­çy­lyk gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň hem-de Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Hü­när şä­her­ji­gi» at­ly wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si we dö­re­di­ji­lik ser­gi­si ge­çi­ril­di. Ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len bu çä­rä tej­ri­be­li mu­gal­lym­lar, luk­man­lar, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, dür­li hü­när­le­riň öň­de­ba­ry­jy we­kil­le­ri, şeý­le hem ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň gu­tar­dyş synp okuw­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.

Baý­ram­çy­lyk çä­re­si­niň do­wa­myn­da us­sat mu­gal­lym­lar, tej­ri­be­li hü­när­men­ler çy­kyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly ki­ta­byn­da­ky pa­ra­sat­ly jüm­le­le­ri my­sal ge­tir­mek bi­len, hü­nä­ri dog­ry saý­lap al­mak me­se­le­si­niň ýaş­la­ryň yk­ba­ly, gel­jek­ki dur­mu­şy üçin örän ze­rur­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­dy­lar. Şun­da her bir kä­riň öz ta­la­by­nyň, jo­gap­kär­çi­li­gi­niň bar­dy­gy, is­len­dik hü­nä­ri saý­lap alan ada­myň yh­las­ly okap, hö­wes­li we ha­lal zäh­met çe­kip, özü­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­li­di­gi bel­le­nil­di.

Çä­rä gat­na­şan tej­ri­be­li mu­gal­lym­lar, luk­man­lar, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, dür­li hü­när­le­riň we­kil­le­ri ýaş­lar bi­len söh­bet­deş bol­du­lar, ola­ryň saý­lap al­jak hü­när­i ba­ra­da­ky so­wal­la­ry­na gi­ňiş­le­ýin jo­gap be­rip, gel­jek­de Wa­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­jak adam­lar bol­ma­gy ün­de­di­ler. Şeý­le-de ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­ni ta­mam­la­ýan uçu­rym­la­ry bu şat­lyk­ly pur­sat bi­len gut­lap, ola­ra saý­lap al­jak ugur­la­ryn­da döw­le­ti­mi­ziň at-ab­ra­ýy­ny be­len­de gö­ter­jek ök­de we ze­hin­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ni tüýs ýü­rek­den ar­zuw et­di­ler.

Dö­re­di­ji­lik ser­gi­si baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­nyň esa­sy be­ze­gi­ne öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň be­ýik ýe­ňiş­le­rin­den ruh­la­nyp, yl­ha­my has hem joş­ýan su­rat­keş­le­ri­mi­ziň, heý­kel­ta­raş­la­ry­my­zyň, zer­gär­le­ri­mi­ziň, me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­mi­ziň dö­re­den aja­ýyp sun­gat eser­le­ri, bi­ziň öý­le­ri­mi­zi, toý­la­ry­my­zy, şä­her­le­ri­mi­zi be­ze­ýän eli çe­per ha­ly­çy­la­ry­my­zyň ne­pis­den-ne­pis ha­ly­la­ry, amaly-ha­şam sun­ga­ty­nyň tä­sir­li nus­ga­la­ry ser­gä gat­na­şy­jy­lar­da uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan tä­sir­li ma­ket­ler hem-de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň taý­ýar­lan dö­re­di­ji­lik iş­le­ri bol­sa ser­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dy­ryp, çä­rä aý­ra­tyn baý­ram­çy­lyk öwüş­gi­ni­ni çaý­dy.

Çä­rä gat­na­şy­jy­lar tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de toý­la­ry toý­la­ra ulaş­ýan eziz Di­ýa­ry­my­zy, mäh­ri­ban hal­ky­my­zy bag­ty­ýar we röw­şen gel­je­ge ynam­ly alyp bar­ýan, ýaş­la­ryň gö­wün sö­ýen hü­när­le­ri­ni ele al­mak­la­ry­na äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Milli Liderimiziň hem-de hor­mat­ly Prezidentimiziň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di­ler.

 

“Türkmenistan” gazeti

21.05.2026 ý