Köňülleri birleşdirýän sungat
Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Bilim ministrligi, şeýle-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda ýaş terjimeçileriň arasynda geçirilen «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýörite saýlanan emin agzalary tarapyndan bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi, zehinli ýaşlar Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen sözlerinden, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alnyp geçirilen bu bäsleşigiň esasy maksady, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekden, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, dünýägaraýşyny giňeltmekden, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmekden, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, ýetişdirmekden ybarat boldy.
Bäsleşikde ýeňiş gazanan we has tapawutlanan işler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.
“Türkmenistan” gazeti
16.12.2022 ý