«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşigi jemlendi
Golaýda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda umumybilim berýän mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar.
Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, düzme ýazmak, surat çekmek we maket taýýarlamak boýunça ýeňijiler yglan edilip, her ugurdan 1, 2, 3-nji orunlar kesgitlenildi.
Bäsleşigiň düzme ýazmak ugry boýunça Tejen şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň okuwçysy Atajan Garýagdyýew, maket taýýarlamak ugry boýunça Mary şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülnar Gurbanowa, surat çekmek ugry boýunça Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Ysmaýyl Ataýew 1-nji orunlara mynasyp boldular.
Oňyn Bitaraplyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesliň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, olarda ýurdumyza wepalylygy terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly bäsleşigiň esasy maksady hem ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olary höweslendirmek, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmak bilen birlikde, nesilleriň kalbyna asylly watansöýüjilik ýörelgelerini, parahatçylyk taglymatyny ýaşlykdan berk ornaşdyrmakdan ybarat boldy.
Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Aýratyn tapawutlanan okuwçylaryň işlerine höweslendiriji baýraklar berildi. Bäsleşik Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
"Nesil" gazeti
03.12.2022 ý