Demokratik özgertmeler — aýdyň geljegiň kepili

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly ösüşlere, şatlykly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilen taryhy özgertmeler amala aşyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk, asudalyk, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmek babatda edýän tagallalary-da uludyr.

Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň Watanymyzyň at-abraýynyň dünýäde barha belende galýan, beýik maksatly ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýän döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýändigi aýratyn many-mazmuna eýedir we buýsançlydyr. Çünki biziň ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň arzuwlary, maksatlary berkarar döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýaşlarymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň halkyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, döwletimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda durmuşa geçirýän maksatnamalarynyň, özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar. Olar ýurdumyzyň ähli pudaklarynda işjeňlik görkezýärler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän syýasy-hukuk, demokratik özgertmeler hemmämiziň öňümizde döwrüň talaplaryna laýyklykda, täzeçil işlemek, raýatlaryň syýasy sowatlylygyny artdyrmak, ilat arasynda alnyp barylýan işleri adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösdürmek, döwlet syýasatynyň mazmuny bilen baýlaşdyrmak babatda ençeme täze wezipeleri goýdy. Şol wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ýaşlarymyz jemgyýetde hemişe uly güýç bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşýarlar.

Esasy Kanunynda dünýewi, demokratik, hukuk döwleti hökmünde binýatlyk esaslary kesgitlenen Türkmenistanyň durmuş ugurly, ynsanperwer ýörelgeli döwlet syýasaty hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen, bu günki gün öz ajaýyp miwelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüş syýasatynda, hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti syýasy-ykdysady, medeni-durmuş taýdan pugtalandyrmakda durmuşa geçirýän maksatnamalarynda, orta atýan täze ideýalarynda, öňe sürýän başlangyçlarynda iň esasy maksat her bir türkmen raýatynyň bagtyýar durmuşda, ruhubelent hem öz zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagyny üpjün etmek bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynda häzirki döwrüň ösüşleri bilen birlikde, ata-babalarymyzdan miras galan, milli aňyýetimizi döwrebap ösdürmekde gymmatly hazyna bolup durýan ruhy-medeni baýlyklarymyz aýratyn orunda goýulýar. Özüniň taryhy ösüş ýolunda mizemejek ägirt uly durmuş ýörelgelerini, däp-dessurlary, taryhy, edebi, medeni ýadygärlikleri döreden, dünýä meşhur şahsyýetleri, serkerdeleri, akyldarlary, şahyrlary orta çykaran, öz nusgalyk tejribesini ýadygär galdyran ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesi biziň bagtyýar geljegimiziň hem sarsmaz binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesilleriň öz aslyna, peder ýollaryna sarpasynyň, hormat-sylagynyň hiç haçan egsilmezligi üçin milli gymmatlyklarymyzy aňyýeti ösdürmegiň dury akabasy, nurana ýoly derejesinde belende galdyrýar. Arkadagly Serdarymyzyň yhlas-aladasy bilen şan-şöhraty dünýä dolan türkmen halysynyň, ahalteke bedewlerimiziň, milli şaý-seplerimiziň, keşdelerimiziň gadyr-gymmaty häzirki döwürde barha artýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek üçin dürli ugurlara degişli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Olarda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, obalary şäher derejesinde özgertmek, ýurdumyzy senagat, innowasion taýdan ösdürmek esasy maksat edilip goýuldy. Munuň netijesinde, ylym-bilim edaralarynyň, medeniýet ojaklarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk we sport merkezleriniň, senagat ähmiýetli binalaryň ençemesi gurlup ulanmaga berilýär. Bu üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, halk hakyndaky bimöçber aladalary ýatyr.

Ak mermerli şäherimiz Aşgabat birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Paýtagtymyz halkara ähmiýetli dürli çäreleriň, maslahatlaryň, sergilerdir festiwallaryň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, bütin dünýäde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan barada gyzyklanmalar gün-günden artýar. Ýurdumyzyň depginli ösüşi dünýäniň syýasatçylarynyň, ykdysadyýetçileriniň, alymlardyr bilermenleriniň, syýasy hem jemgyýetçilik işgärleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Ählumumy ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň ýöredýän işjeň daşary syýasaty we öňe sürýän halkara başlangyçlary netijesinde, halkara guramalar bilen gatnaşyklar täze derejelere çykdy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajaýyp döwrümiziň her bir güni bagtyýarlyga, rowaçlyklara, taryhy ýeňişlere hem-de üstünliklere beslenip, Bitarap ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe abadan, asuda, parahat ýurdumyzda bolelin durmuşda ýaşaýan ildeşlerimiz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýärler. Agzybir we zähmetsöýer halkymyz dünýäde parahatçylygy, halkara howpsuzlygy berkitmek, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ägirt uly işlerine tüýs ýürekden buýsanýar.

Il-ýurt bähbitli ösüş-özgertmelere beslenýän ýolumyzda, şöhratly döwrümizde döwlet syýasatynyň dürli ugurlary boýunça öňde ägirt uly wezipeler durýar. Ýurduň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hatarynda, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň işjeň agzalary hem bu wezipeleri amala aşyrmakda yhlasly zähmet çekýärler. Halkymyzyň isleglerini beýik maksatlara gönükdirmekde wagyz-nesihat işlerini işjeňleşdirýärler. Adamlary döredijilikli zähmete ruhlandyrmak, ýaşlarda ylym-bilime, sporta, sagdyn ýaşaýşa söýgini terbiýelemek, halkymyzy agzybirlige, jebislige, Watanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna beýik maksatlary amala aşyrmaga çagyrmak, asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamagy, milli däp-dessurlarymyzy, medeniýetimiziň we sungatymyzyň gazananlaryny halkyň arasynda giňden wagyz-nesihat etmek jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm borjy bolup, birleşigimiziň her bir agzasy bu wezipelere oňat düşünýär. Olar özlerine bildirilýän uly ynamy ödemek, durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny wagyz-nesihat etmek, köpçülikleýin düşündiriş çäreleri bilen goldamak ugrunda öz işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar.

Diňe parahatçylyk medeniýetinde, agzybirliginde, parasadynda jemgyýetimiziň jebisligi, türkmen döwletiniň berkararlygy jemlenendir. Watana bolan söýgimiz hemme zatdan güýçlüdir. Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeltmekde, ýurdumyzyň elmydama ösen döwletleriň hatarynda bolmagyny gazanmakda beýik maksatly ýoldan öňe tarap ynamly ädim ädip, uly işleri bitirmek halkymyz, her bir watandaşymyz üçin egsilmez bagtdyr.

Goý, dünýäde parahatçylyk medeniýetiniň nusgasyny görkezýän, öz halkyny abadan we asuda durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ösüşiň aýdyň ýoluny üstünliklere besläp, ony has-da şöhratlandyrmak halkymyza hemişe miýesser etsin! Ýurdumyz parahat, asmanymyz asuda, durmuşymyz abadan, halkymyz bagtyýar bolsun!

Maýsa Saryýewa, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy

“Türkmenistan” gazeti

07.08.2023 ý