«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň»
Şeýle at bilen ýakynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ene dilimiziň baýlygyny inçeden öwrenýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen aýdym-sazly medeni çärede Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, şahyr Kakamyrat Rejebow, terjimeçi Rahmet Gylyjow we magtymgulyşynas Amannepes Şyhnepesow dagy çykyş edip, ýaşlara türkmen diliniň taryhy, ösüşi we kämilleşmegi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň altyndan gymmatly söz hazynasy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen dünýä edebiýatynyň eserleriniň türkmen diline terjime edilip halkymyza ýetirilişi dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde akyldar şahyryň sözlerine döredilen şirin aýdymlar belentden ýaňlandy.
Şygryň hem sazyň söhbedi
Ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde «Magtymguly, sazdyr, söhbetdir işiň» atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, halypa şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annagurban Ylýasow gatnaşyp, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak temadaky döreden şygyrlary barada söhbet etdiler. Soňra halypa şahyr akyldara bagyşlap ýazan şygyrlaryny okady, ussat aýdymçy bolsa Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary aýtdy. Sowal-jogaply geçen duşuşykda şygryýetiň we aýdym-saz sungatynyň baky sazlaşygy barada aýdylan pikirler döredijilige teşne ýaş zehinleriň kalbyny has-da joşdurdy.
Ýörite habarçylarymyz.
"Edebiýat we sungat" gazeti
01.03.2024 ý