Wagyz-nesihat duşuşygy
Golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly duşuşyk akyldar şahyrymyzyň türkmen edebi diliniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna goşan abyrsyz uly goşandyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde guralan duşuşyga ýurdumyzyň halypa ýazyjy-şahyrlary, alymlar, mugallymlar, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.
Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan we ruhubelentlige beslenen duşuşykda halypa ýazyjy-şahyrlaryň, magtymgulyşynas alymlaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Nygtalyşy ýaly, Magtymguly Pyragy türki dilleriň içinde iň gadymysy hasaplanýan türkmen diliniň ösmegine önjeýli goşant goşan, onuň şireliligini eserlerinde ussatlyk bilen peýdalanmagy başaran beýik şahyrdyr. Ene dilimiziň edebi häsiýete eýe bolmagynda, özünden soňky nesliň şahyrlarynyň hut şol däbi düýpli özleşdirip, nusgawy ýoly dowam etdirmeginde hem söz ussadynyň eserleri aýratyn ähmiýetlidir. Täze taryhy döwrüň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary Magtymguly Pyragynyň esaslandyran milli şygryýetiniň kämil nusgasyny dowam etdirmeli nesildir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldarynyň we nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmeginiň dünýä jemgyýetçiliginiň türkmen diline, edebiýatyna, medeniýetine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýandygyna hem söz sözlänler ünsi çekdiler. Çykyşlar bilen utgaşyklylykda, halypa we ýaş şahyrlar söz ussadynyň şygyrlaryny, şeýle hem öz goşgularyny uly joşgun bilen okap berdiler. Akyldar şahyryň şygyrlaryna döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi-de çärä gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
(Ýörite habarçymyz).
“Türkmenistan” gazeti
26.04.2024 ý