Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, alymlar, syýasatşynaslar, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Merkeziň eýwanynda ýurdumyzyň amaly-haşam we häzirki zaman sungatyna, muzeý gymmatlyklaryna, neşir önümlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Belent ruhly aýdym-sazlary ýerine ýetiren döredijilik toparlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Ylmy-amaly maslahatyň açylyşynda milli buýsanjymyz, döwletliligiň mizemez nyşany — ýurdumyzyň Döwlet baýdagy mynasybetli çykyşlara orun berildi. Olara halkymyz mukaddesligiň we watansöýüjiligiň mizemez nyşany hökmünde garaýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen ugurlar we kadalar barada aýdyldy. Olar ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň, jemgyýetçilik durmuşynyň esaslaryny açyp görkezýär hem-de milli ösüşiň nusgalyk ýolunyň kanunçylyk we hukuk taýdan kepili bolup durýar.
Maslahat mowzuklaýyn ugurlaryň üçüsi boýunça geçirildi. Olary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň many-mazmuny utgaşdyrýar. Birinji mejlisde adam we raýat hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramagyň hukuk esaslary ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkymyzyň gadymy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça yzygiderli alnyp barylýan maksatnamalaýyn işlere aýratyn ähmiýet berildi.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň döwrüň talaplaryna laýyklykda demokratiýanyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Konstitusiýamyzyň döwlet gurluşynyň milli usulyny, türkmen halkynyň däp-dessurlaryny we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi bellenildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmeginde milli hukuk ulgamynyň orny barada forumyň ikinji mejlisinde edilen çykyşlarda nygtaldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Esasy Kanuny ösen ykdysadyýeti we durmuş goraglylygynyň, ählumumy parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda netijeli daşary syýasaty alyp barýan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň üstünlikleriniň, ýeten derejesiniň ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Üçünji mejlisiň dowamynda edilen çykyşlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy başlangyçlarynyň taryhy we syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Olarda ýurdumyzyň BMG-niň esasy düzümleri bilen energetika, ulag, suw diplomatiýasy boýunça alyp barýan köptaraply we netijeli işi barada aýdyldy. Döwletimiz halkara gatnaşyklarda oňyn Bitaraplyk syýasatyna ygrarlylygy saklaýar. Mähriban Watanymyzyň bu hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan dünýäde BMG-niň hemişelik Bitaraplyk derejesi hakynda Kararnamasyny Esasy Kanuna girizen ýeke-täk ýurtdur. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Konstitusiýada berkidilen parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär we Bitarap türkmen döwletiniň abraýynyň belende göterilmegine goşant goşýar.
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň ägirt uly ähmiýete eýedigini, Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda belent sepgitlere ýetýändigini ýene bir gezek görkezdi. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk, agzybirlik, demokratiýa we kanunyň hökmürowanlygy döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.