“Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak syýasaty we dialog – köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly maslahat
2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde “Halkara gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak syýasaty we dialog – köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly maslahat geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda oňyn netijeleri gazanýar. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynyň esasy maksady ýurdumyzda we dünýäde parahatçylykly ösüşi, asuda durmuşy üpjün etmek bolup durýar. Bu maksat hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ileri tutýan ýoly hökmünde halkara bileleşiginde giňden ykrar edilýär.
Maslahatda çykyş edenler bular barada aýdyp, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň içeri, daşary syýasatynyň has işjeňleşýändigini, türkmen döwletiniň halkara giňişligindäki abraýynyň we täsiriniň artýandygyny, döwlet tarapyndan amala aşyrylýan ähli sahawatly işleriň halkyň bagtyýarlygyna gönükdirilýändigi, bularyň bolsa halkymyzyň ajaýyp geljeginiň kepilidigini buýsanç bilen bellediler.
Hormatly Prezidentimiziň Täjigistan Respublikasyna döwlet sapary mahaly, şol ýerde türkmenleriň kowçum ýaşaýan ýerinde Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiň düýbüni tutmaga gatnaşmagy, “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi” ýaly maddy däl medeni mirasymyzyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilendigi baradaky we BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly Kararnamanyň kabul edilendigi baradaky hoş habarlar halkymyzda Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanjy, guwanjy, joşgunly duýgulary artdyrdy diýip çykyş edenler nygtap geçdiler.
Şunuň bilen baglylykda, BMG bilen hyzmatdaşlygyň çäginde ýurdumyzyň halkara parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy, dialogy ilerletmek, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş edýändigi nygtalyp bellenildi. Garaşsyz Türkmenistan soňky ýyllarda ulag we kommunikasiýalar ugry boýunça halkara ähmiýetli möhüm çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji, 2021-nji, 2022-nji we 2023-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň altysynyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap Watanymyzyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Merkezi Aziýa döwletleriniň dürli sebitler boýunça hyzmatdaşlygynyň giňeýändigi aýratyn äşgärdir. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky amatly geoykdysady zolakda ýerleşýän biziň döwletlerimiziň parahatçylykly we durnukly ösüşi söwda-ykdysady gatnaşyklar babatda dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär.
Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň gadymy Sian şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” sammitine gatnaşmagy, iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen duşuşygyň aýratyn ähmiýetli bolandygyny, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär eden ýene bir möhüm waka bolandygy aýdylyp geçildi.
Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.