“Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan döwletlilik ýörelgeleri çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly” atly maslahat

2023-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan bilelikde 1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan döwletlilik ýörelgeleri çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda çagalary goramagyň halkara güni adamzadyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini dowamat dowam etdirýän hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň, durmuşa geçirýän taryhy özgermeleriniň, giňmöçberli maksatnamalarynyň netijesinde bu gün ýurdumyzda her bir adam, öňi bilenem ösüp gelýän ýaş nesillerimiz uly üns-aladalar bilen gurşalyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar diýip aýdylyp geçildi.

Garaşsyz Watanymyzda çagalaryň döwrebap bilim almagy, edepli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly kämil nesiller bolup ýetişmekleri, oňat dynç almaklary, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly ýakyn günlerde Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem işine ak pata berilip, açylyş dabarasy geçiriler, munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer şygaryň durmuşa geçirilmeginiň ýene bir subutnamasydyr. Eziz Watanymyzda bagtyýarlykda ösüp-ulalýan ýaş nesil hakda döwlet derejesinde şeýle uly alada edilmegi beýik geljegimiziň ygtybarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!