Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanyp taýýarlanan neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli «Arkadag şäheri – durmuşyň we döredijiligiň amatly gurşawy we kämil şäheri» atly maslahat
2023-nji ýylyň 17-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanyp taýýarlanan neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli «Arkadag şäheri – durmuşyň we döredijiligiň amatly gurşawy we kämil şäheri» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň binýatlaýyn esaslaryny dünýä derejesine ýetirmek, bu ulgamyň maddy-tehniki üpjünçiligini ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän dünýä nusgalyk işleri, Milli Liderimiziň hut özüniň tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada aýdyp geçdiler.
Dabarada çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna bagyşlanyp taýýarlanan neşiriň Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda okyjylar köpçüligine gowuşmagy tutuş halkymyz üçin baýramçylyk sowgady bolandygyny belläp geçdiler.
Kitabyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän bu gazna döredilen güninden bäri durmuş goldawyna mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça netijeli işleri alyp barýar diýip maslahatda edilen çykyşlarda nygtap bellenildi.
Maslahata gatnaşanlar berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Arkadagly Serdar Prezidentimiziň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlarynyň aman, röwşen ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!