“Pähim-paýhas ummany Arkadag hem Pyragy” atly maslahat
2023-nji ýylyň 22-nji awgustynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Pähim-paýhas ummany Arkadag hem Pyragy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi ýakynda bolup geçen taryhy waka, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly täze şygrynyň türkmen halkyna peşgeş bermegine bagyşlandy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwrüdir. Bu döwür akyldar şahyryň abraý-mertebesiniň has-da şöhratlanan döwri bolup, şahyryň pähim-paýhasa, öwüt-nesihata ýugrulan eserleri halkymyzyň ruhuny we köňüllerini buýsandyrýan döwürdir.
Dabaraly maslahatda döredijilik işgärleri, alymlar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly täze şygrynyň many-mazmuny barada giňişleýin beýan etdiler. Bu ajaýyp şygyrda Magtymguly Pyraga Gahryman Arkadagymyzyň goýýan hormatynyň, bu goşgynyň halkyň ýürek sesiniň owazyna öwrülendigini çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Beýik şahyrymyzyň millilige ýugrulan döredijiligi ýaş nesillerimiz üçin gymmatly ruhy-ahlak mekdepdir. Magtymguly Pyragy bütin ömrüni il-günüň ykbaly bilen baglap, halkyna halal ýaşamagy ündäpdir. Gahryman Arkadagymyzyň okyjylar köpçüligine ýetirilen täze goşgusy hem aýdanlanlaryň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösüşini aýdyňlyk bilen görkezýän täsin eserleriň hem-de muzeý gymmatlyklaryndan ybarat bolan sergi guraldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndylary, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan işler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly dürdäne kitaplary ýerleşdirildi.
Maslahatda bellenilişi ýaly, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi has-da giňeltmek maksat edinilýändigi hakynda nygtap geçildi. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň gatnaşmagynda belleniljek şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygy hem girizildi. Geçen ýylyň noýabrynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilendigini hem buýsanç bilen maslahatda çykyş edenler bellediler. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen akyldar şahyryň goşgulary dünýä dillerine terjime edildi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” Maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Häzirki ajaýyp döwrümizde şahyryň döredijiligi giňden wagyz edilýär we dünýäde uly meşgurlyga eýe bolýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek, meşhur şahsyýetlerimiziň adamzadyň öňünde bitiren beýik hyzmatlaryny halkara derejede dabaralandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän beýik başlangyçlar umumadamzat mirasynyň genji-hazynasyna öwrülendigi hakynda durlup geçildi. Döwlet berkararlygyny, il agzybirligini barha berkidýän, asuda, abadan ýaşaýşymyzy dowamata atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.