“Ýurdumyzy ösdürmegiň beýik maksatlary: bagtyýar durmuş, durnukly ösüş” atly maslahat

2024-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Ýurdumyzy ösdürmegiň beýik maksatlary: bagtyýar durmuş, durnukly ösüş” atly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guran bu çäresi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň jemleri we şu ýylda öňde durýan belent maksatlar bilen bagly aýdanlaryny, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatdaky möhüm tabşyryklaryny hem-de kesgitläp beren wezipelerini halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz-nesihat etmeklige bagyşlandy. Maslahata syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr köp sanly işjeň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.