«Men gözelligi döredýärin» atly baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan bellemek boýunça döwletimizde we daşary ýurtlarda dürli ugurly çäreler geçirilýär.
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň dabaralar jaýynda Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan taýarlanylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Halkara zenanlar güni mynasybetli «Men gözelligi döredýärin» atly baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi.
Gözellik diýen düşünje giňdir – gözellige, kämillige çäk ýokdur. Ajaýyp aýdymmy, sazmy, goşgumy, nepis halymy, inçe keşdelermi, şaý-seplermi, bularyň barysy gözellik, hersi bir ajap eser. «Men gözelligi döredýärin» atly baýramçylyk çäresine gatnaşan adamlar hersi öz ýerinde, öz elleri bilen, öz zehini, zähmeti bilen gözelligi döredýär, durmuşymyzy öz döredýän sungat eserleri bilen bezemege öz şahsy goşandyny goşýar .
Baýramçylyk çäresinde beýik akyldar şahyrymyzyň goşgusyna düzülen ajaýyp aýdymlar ýaňlandy, goşgular okaldy.
Ýurdumyzyň beýik ýeňişlerinden ruhlanyp, ylhamlary has hem joşýan ýazyjy-şahyrlarymyzyň, suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň, zergärlerimiziň, medeniýet işgärlerimiziň döreden sungat eserlerinden , biziň öýlerimizi, toýlarymyzy, şäherlerimizi bezeýän eli çeper halyçylarymyzyň nepisden - nepis halylaryndan, amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryndan guralan döredijilik sergisi çäräniň esasy bezegi boldy. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar Täze taryhy döwürde toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy bagtyýar we röwşen geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!