Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, «Edebiýat we sungat » gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň » atly döredijilik duşuşygy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Türkmeniň berkligi onuň öz milliligine, öz däp-dessurlaryna, pederlerden miras galan asylly ýol-ýörelgelerine wepalylygyna baglydyr.
Bu duşuşygyň esasy maksatlary - ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olarda ene dilimiziň baýlygyny görkezip, türkmen dilimizi ýoýmazlyga, onuň baý hazynasyny inçeden öwrenmeklige höweslendirmek, ýaşlaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ösdürmek, ýurdumyzda türkmen diliniň inçeden öwrenýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýetişdirmek. Duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, şahyr Kakamyrat Rejepow, terjimeçi Rahmet Gylyjow we magtymgulyşynas Amannepes Şyhnepesow ýaşlara türkmen diliniň taryhy, ösüşi we kämilleşmegi, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň altyndan gymmatly söz hazynasy, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä edebiýatynyň eserleriniň türkmen diline terjime edilip halkymyza ýetirilişi barasynda täsirli gürrüňleri berdiler.