Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan çykan täze eseriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda halkymyza ýetirilmeginiň döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny şöhlelendirýändigi bellärliklidir.
Islendik arheologik ýadygärligiň, gadymy binagärligiň her bir nusgasynyň aňyrsynda irki adamzat medeniýetini esaslandyran halkymyzyň geçmiş taryhy ýatyr. Bu ýadygärlikler döwletleriň döreýşi, olaryň ýaşaýjylary we edermen, batyr goragçylary barada köp zatlary habar berýär. Bu milli gymmatlyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy we medeni galkynyşy başdan geçirýän halkymyzyň synmaz erkiniň, jebisliginiň, watansöýüjiliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.
Tanyşdyrylyş dabarasy halkymyzyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini beýan edýän sergi bilen badalga aldy. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri — taryhymyzyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi bolan el işleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby serginiň merkezinde orun aldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyga eýe bolan ylmy kitaplary, milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri baradaky dürli neşirler hem bar.
Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda ýygnananlar milli däplerimize, gymmatlyklarymyza, halkymyzyň gadymy taryhyna we köptaraply medeniýetine goýýan çäksiz sarpasy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Çykyşlarda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtaýan kitabyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezijisidigini biragyzdan bellediler.
Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi.
Awtoryň pikir-garaýyşlary «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapda beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyz täsin rowaýatlary häzirki günlere çenli saklap galan, dürli döwürleriň hem-de halk hakydasynyň şaýady bolan Änew medeniýetiniň ähmiýetini kitabyň sahypalarynda giňişleýin beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplan maglumatlaryny seljermek bilen, gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, belli alymlar tarapyndan häzirki Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli “Ak bugdaý” muzeýi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan halkymyzyň maddy we ruhy medeni mirasynyň dowamatlylygyny gorap saklamaga ýardam etjekdigini bellediler.
Ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen eseriň ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň boljakdygy gürrüňsizdir.
Dabaranyň ahyrynda ýygnananlar halkymyzyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmek, gadymy gymmatlyklary ýüze çykarmak we dikeltmek, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.