Magtymguly, sözlär tili türkmeniň
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» ady bilen taýýarlanan çäreler toplumynyň ikinji döredijilik duşuşygy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň söz bilen işleýän belli tanymal ýazyjy-şahyrlary, söz ussatlary, alymlar, mugallymlar, türkmen dili boýunça bilermenler gatnaşdy. Olar ýaşlara türkmen diliniň taryhy, ösüşi, kämilleşmegi barada täsirli gürrüňleri berdiler we käbir gadymy sözleriň manysy bilen tanyşdyrdylar.
Bu çäräniň esasy maksady - ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara ene dilimiziň baýlygyny görkezip, türkmen dilimizi ýoýmazlyga, onuň baý hazynasyny inçeden öwrenmeklige höweslendirmek, ýaşlaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda türkmen dilini inçeden öwrenýän zehinli ýaşlary ýetişdirmek.
Gepleşigiň dowamynda türkmen diliniň baýlygy barada, dili arassa saklamak, dürli täsirlerden goramak, ýaşlara öwretmek, gadymy sözleriň manysyny düşündirmek, söz ussady beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň bize goýup giden altyndan gymmatly söz hazynasy barada, Hormatly Prezidentimiziň we Mähriban Arkadagymyzyň bimöçber tagallalary bilen dünýä edebiýatynyň we sungatynyň eserleriniň türkmen dilinde ýaňlanyp, ýaşlarymyzyň dünýägaraýyşlaryny giňeldýänligi barada täsirli söhbetdeşlik edildi. Gepleşikde gatnaşyjylaryň hersi öz alyp barýan ugry boýunça çykyş etdiler. Gepleşige söz sungatynyň ajaýyp önümi - goşgylar we beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymlar aýratyn bezeg berdi.