Hünär şäherjigi
2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň dabaralar jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan her ýylda guralýan «Hünär şäherjigi» atly ýaşlary hünäre ugrukdyrýan,wagyz-nesihat, baýramçylyk çäresi we döredijilik sergisi geçirildi. Bu çäräniň esasy maksady - ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny hünärlere ugrukdyrmak, olara durmuşda dogry ýoly saýlap, öz saýlap alan käriň eýesi bolmaklyga ýardam etmek, Watanyna wepaly ýaşlary terbiýelemekdir. Baýramçylyk çäresine gatnaşan tejribeli mugallymlar, lukmanlar, medeniýet we sungat işgärleri, beýleki hünärleriň wekilleri ýaşlar bilen söhbetdeş boldular, olaryň soraglaryna jogap berdiler. Ýurdumyzyň beýik ýeňişlerinden ruhlanyp, ylhamlary has hem joşýan suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň, zergärlerimiziň, medeniýet işgärlerimiziň döreden sungat eserlerinden, eli çeper halyçylarymyzyň nepisden-nepis halylaryndan, amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalaryndan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriň taýýarlan maketlerinden we döredijilik işlerinden guralan döredijilik sergisi, çäräniň esasy bezegi boldy. Ýaşlarymyz geljekde haýsy käri saýlasalar-da, öz Watanyna, öz köklerine bolan sylag-hormaty, kalbyna guýlan gözellik duýgusy hemişe olaryň hemrasy bolar. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar Täze taryhy döwürde toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy bagtyýar we röwşen geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak,il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!