“Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk halkara ösüş taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap” atly maslahat

2024-nji ýylyň 8-nji iýunynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramaklarynda  “Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk halkara ösüş taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap” atly maslahat geçirildi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde ýurdumyz täze uly ösüşlere beslenýär. Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dürli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn ösüş gazanmak ileri tutulýan aýratyn möhüm wezipeler hökmünde kesgitlendi.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, möhüm halkara meseleleri çözmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy barada hem aýdyldy. Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän giň möçberli başlangyçlary sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda iňňän uly ähmiýete eýedir. Türkmen döwletiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň yzygiderli kabul edilmegi muny doly tassyklaýar.

Şeýle-de çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Astana şäherinde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagynyň we ol ýerde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitinde çykyş etmeginiň diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem taryhy ähmiýetli waka bolandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ynsan kalbynda döreýän ajaýyp duýgular, agzybirlige çagyryşlar öz beýanyny tapypdyr. Ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, türki dilli edebiýatyň baýlaşmagyna hem uly goşant goşan şahsyýetdir. Beýik akyldaryň geljek nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi.

Çykyşlarda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza amala aşyran saparyna, onuň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerdir duşuşyklara hem aýratyn üns berildi. Bu wakanyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarmakda möhüm ähmiýete eýedigi aýdyldy. Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine ýokary baha bermegi Türkmenistanyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň ýene bir güwäsi boldy.

Maslahatda ýurdumyzyň ösüşiň, abadançylygyň we dost-doganlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýandygy hem-de bu ugurda ägirt uly ösüşleri gazanýandygy üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdyldy.