Köňülleri birleşdirýän sungat

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,  «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly»  mynasybetli bilelikde taýýarlanan meýilnamasy esasynda «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly  ýaş terjimeçileriň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşigiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Bu dabaraly çärä  ýurdumyzyň ähli künjeginden zehinli ýaşlar gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda  döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen ganatly sözlerinden, bagtyýar geljegiň eýeleri bolan döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere  ruhlandyrýan taýsyz aladalaryndan ugur alyp  geçirilýän bu çäräniň esasy maksatlary - ösüp gelýän nesillerimizi  watançylyk  ruhunda terbiýelemek, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda dünýä medeniýetlerini birleşdirýän, baýlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, kämilleşdirýän terjimeçilik sungatyny ösdürmek, terjimeçilik hünäri boýunça zehinli ýaşlary  ýüze çykarmak, ýetişdirmekden ybaratdyr. 

Ýörite saýlanan emin agzalary, ýurdumyzyň belli terjimeçileri tarapyndan bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlendi.Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşikde ýeňiş gazanan  we has tapawutlanan işler «Dünýä edebiýaty» žurnalynda çap ediler.