Magtymguly, sözlär tili türkmeniň!
2024-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň «ENE DILIM- HAZYNAM» atly şygar bilen «Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» mynasybetli bilelikde taýýarlanan meýilnamasy esasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Bu çäre söz bilen işleýän adamlar, ýagny, ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, dilçi alymlary, professor mugallymlary, mirasgärler, terjimeçiler, žurnalistler bilen duşuşyklar toplumy görnüşde taýýarlandy we ýylyň dowamynda yzygiderli geçirildi. Bu duşuşyklaryň esasy maksatlary - ýaşlarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemek, olara ene dilimiziň baýlygyny görkezip, türkmen dilimizi ýoýmazlyga, onuň baý hazynasyny inçeden öwrenmeklige höweslendirmek, ýaşlaryň dil baýlygyny, döredijilik ukyplaryny ösdürmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, ýurdumyzda türkmen dilini inçeden öwrenýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ýetişdirmek bolup durýar. Bu duşuşyklarda söz ussatlary türkmen diliniň taryhy, ösüşi, kämilleşmegi barada gürrüň berdiler we gadymdan gelýän köne sözler, olaryň manysy, gelip çykyşy we ulanylyş aýratynlyklary bilen ýaşlary tanyşdyrdylar. Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamymda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýaňlandy.