«Türkmenistan –beýik ösüşleriň ýoly bilen» atly maslahat

2025-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak   ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli  2025-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti edaralaryň bilelikde guramagynda «Türkmenistan –beýik ösüşleriň ýoly bilen» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistan döwletimiziň ýeten beýik sepgitleri barada giňişleýin gürrüň edildi, täsirli çykyşlar diňlenildi we «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak   ýylynda» alyp baryljak döwletli işler barada pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!