«Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri-bagtyýar ýaşaýyşyň kepili» atly brifing

2025-nji ýylyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak   ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli  2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň  Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň  bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri-bagtyýar ýaşaýyşyň kepili» atly brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistan döwletimiziň beýik ösüşleri, täze ýeňişleri, ýeten sepgitleri barada giňişleýin gürrüň edildi we «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak   ýylynda» alyp baryljak döwletli işler barada pikir alşyldy.

Çärä gatnaşyjylar Täze taryhy döwürde toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy bagtyýar we röwşen geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!