«Watanyň ogly» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak   ýyly» we Watan goragçylarynyň güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Watanyň ogly» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Baýramçylyk çäresinde bu baýramyň eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk  tertibini  üpjün  edýän  harby  we  hukuk goraýjy edaralaryň  harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynam, belent sarpa, olar hakynda  edilýän  çuňňur aladalar  barada täsirli çykyşlar edildi. Baýramçylyk çäresinde parahatçylyk temasyna bagyşlanan, şeýle-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgusyna düzülen ajaýyp aýdymlar ýaňlandy, goşgular okaldy. Ýurdumyzyň beýik ýeňişlerinden ruhlanyp, ylhamlary has hem joşýan suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň, zergärlerimiziň, medeniýet işgärlerimiziň döreden  sungat eserlerinden, amaly-haşam sungatynyň  ajaýyp nusgalaryndan guralan döredijilik sergisi çäräniň esasy bezegi boldy.

Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar Täze taryhy döwürde toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzy, mähriban halkymyzy bagtyýar we röwşen geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli uly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!