«Arkadag şäheri — taryhy tejribe, giň mümkinçilikler, bagtyýar ýaşlar» atly maslahat

2023-nji ýylyň 29-njy martynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Arkadag şäheri — taryhy tejribe, giň mümkinçilikler, bagtyýar ýaşlar» atly maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň döredilmeginiň maksadyny, wezipelerini hem-de bu giň gerimli taslamanyň ähmiýetini halk köpçüligine wagyz etmäge bagyşlanan maslahata syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, döredijilik işgärleri, medeniýet we sungat ussatlary, talyplardyr žurnalistler gatnaşdylar.

Köpetdagyň eteginde täze Arkadag şäheriniň kemala gelmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň üpjün edilip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu şäheri bina etmek baradaky pikiriň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, onuň pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýanlygynda jemlenendir. Bu ýerde ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar. Arkadag şäheri Diýarymyzyň iri ylym-bilim medeni we halkara merkezine öwrüler. Onuň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Munuň özi Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ähmiýetini hukuk taýdan berkitmek meselesine seredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň teklipleri nazara alnyp, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy we hormatly Prezidentimiziň tassyklamagy bilen, ol şu ýylyň 24-nji martyndan güýje girizildi.

Çykyş edenler bu Kanunyň esasy düzgünleri barada durup geçip, Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher aýratyn hukuk derejesiniň berlendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu “akylly” şäheri gurmak pikiri we onuň döwletimiziň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň ilkinji aýlarynda Arkadag şäherine dürli halkara guramalaryň wekilleri hem gelip gördüler. Şunda şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini bellemek gerek. Munuň özi häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär.

Maslahatda çykyş edenler Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde gysga wagtda, çalt depginde, ýokary hilli we özboluşly görnüşde ýerli hünärmenlerimizdir gurluşykçylarymyz tarapyndan bina edilen Arkadag şäheri baradaky pikirlerinidir täsirlerini paýlaşmak bilen, onuň döwrümiziň beýik binagärlik taslamasydygyny aýratyn nygtadylar. Şoňa görä-de, “Adamlaryň gözüniň alnynda jümle-jahana nur saçyp dikelen bu şäheriň şöhraty eýýäm dünýä ýaýrady. Arkadag şäheri Ýer ýüzünde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň mertebesini ýene bir gezek beýgelden deňsiz-taýsyz şäherdir. Geljek nesillere beýik döwrümizden galjak gymmatly mirasdyr” diýlip, çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda golaýda geçirilen bilelikdäki mejlisde Arkadag şäheriniň dolandyryş düzümleriniň gulluklaryna, bölümlerine ýolbaşçylaryň tassyklanylandygyna, şolaryň aglabasynyň bolsa ýaşlardygyna aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara jogapkärli işleriň ynanylmagy döwrüň esasy talabyndan gelip çykýar. Häzirki döwür — ösen tehnologiýalaryň döwri. Şoňa görä-de, dolandyryşyň, önümçilikde we beýleki pudaklarda işleriň örän çylşyrymly sanly ulgam, maglumat tehnologiýalary arkaly ýola goýulmagy ýaş hünärmenleriň akyl zähmetini, zehinini, döwrebap taýýarlygyny talap edýär.

Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna-da orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, halkymyzyň agzybirligi we bagtyýarlygy, Diýarymyzyň bedew batly ösüşleri belentden wasp edildi