WAGYZ-NESIHAT ÇÄRELERI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparyň mejlisinde hemmämiziň öňümizde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça anyk wezipeleri goýdy, öz gymmatly maslahatlaryny berdi. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ýylyň dowamynda ähli ugurlarda uly işler geçiriler. 2025-nji ýylyň 15-16-njy ýanwarynda goýlan anyk wezipelerden, gymmatly maslahatlardan ugur alyp, ýylymyzyň täze adynyň we nyşanynyň many-mazmunyny ýerlerde, ilatyň arasynda wagyz-nesihat etmek boýunça Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ýörite döredilen toparyň düzüminde Aşgabat, Arkadag şäherleriniň çäginde we ýurdumyzyň welaýatlarynda wagyz-nesihat işleri geçirildi. Bu täsirli geçen duşuşyklara Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan müňlerçe adamlar gatnaşdy. Wagyz-nesihat çärelerinde Parahat Diýarymyzy gülledip ösdürmek babatda alnyp barylýan beýik işler, adamlaryň garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan söýgüleri öz beýanyny tapdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanýandygy, 2024-nji, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegi mynasybetli geçirilen dabaralaryň, ummasyz uly işleriň dünýä ýüzüne ýaň salmagy bilen bagly tolgundyryjy duýgularyny başdan geçirmegimiz bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny» guwandyryjy zähmet üstünliklerine besläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen 2025-nji ýyla aýdyň maksatlar, täze arzuwlar, ruhubelentlik bilen gadam basýandygy barada aýdyldy. Ýetip gelen her täze ýyly mynasyp atlandyrmak, iň gowy niýetlerimizi siňdirip, çuňňur manyly täze nyşanyny döretmek biziň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigi we bu däbiň ýurdymyzy täze belentliklere tarap atarýandygy belläp geçildi. Ýylyň täze ady halkymyza paýhasly ugur-ýol görkezip, adamlaryň barysynyň başynyň jem bolup, bir maksada eýerip, jebisleşmegine , şol ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyna getirjekligi barada nygtap geçildi. Üstünlikli tamamlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» döredijiligiň, döwletli döwranyň ýyly boldy we biziň döwletimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bolan sylag-hormatyň nähili derejede ulydygyny dünýä äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize eden iň ajaýyp sowgady, goşgularynyň wagtyň geçmegi bilen hem bakylygyň nyşany dek adamlaryň aňynda ýaşaýan, hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, parahatçylygyň waspçysy Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby barada aýratyn aýdylyp geçildi we täze kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýändigi barada aýratyn belläp geçildi.
Parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän, dünýä ýüzüne dost-doganlyk ýollaryny çekýän, ulus-iliň söýgüsini gazanan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolup, döwletli işleriniň asyrlarda şöhratlanmagy arzuw edildi.