Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň bilelikde guramagynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasynda täsirli çykyşlar edildi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýändigi barada aýratyn belläp geçildi.
Üstünlikli tamamlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» döredijiligiň, döwletli döwranyň ýyly boldy we biziň döwletimizde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bolan sylag-hormatyň nähili derejede ulydygyny dünýä äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize eden iň ajaýyp sowgady, goşgularynyň wagtyň geçmegi bilen hem bakylygyň nyşany dek adamlaryň aňynda ýaşaýan, hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýän Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, parahatçylygyň waspçysy Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby boldy.
Baýramçylyk çäresinde beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgusyna düzülen ajaýyp aýdymlar ýaňlandy we parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda ägirt uly tagallalary edýän, dünýä ýüzüne dost-doganlyk ýollaryny çekýän, ulus-iliň söýgüsini gazanan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolup, döwletli işleriniň asyrlarda şöhratlanmagy arzuw edildi.