«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — parahatçylygyň, dost-doganlygyň, zenanlara goýulýan sarpanyň aýdyň dabaralanmasy» atly maslahat
2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly — parahatçylygyň, dost-doganlygyň, zenanlara goýulýan sarpanyň aýdyň dabaralanmasy» atly maslahat geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, ýurdumyzyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şygarynyň many-mazmunyny, golaýda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçen wakalaryň, Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp guralan dabaralaryň ähmiýeti baradaky çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Gahrymany, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň nygtaýşy ýaly, milli mirasymyzy gorap saklaýjylar — mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň halkara baýramynyň ýurdumyzda giňden baýram edilmegi olara belent hormat-sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr.
Halkara zenanlar gününiň baýram edilýän günlerinde sekiz we şondan köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, baýram mynasybetli binagärlik açylyşlaryň guralmagy, köp çagaly maşgalalara täze jaýlardan öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy ýurdumyzda maşgala we onuň diregi bolan zenan mertebesiniň belentde saklanylýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň guramagynda geçirilen çäreleriň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara zenanlar baýramynyň bellenilýän günleri ýurdumyzyň syýasy durmuşy hem möhüm wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiziň Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde, ýurdumyza sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri bilen gepleşiklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň gyzyklanma bildirilýän ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi, “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy geçen hepdäniň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Köp millionly tomaşaçysy bolan Ýewropanyň iri habar beriş serişdesiniň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde ählumumy we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça döwletimiziň garaýyşlary beýan edildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk döwrüniň ähli ösüş tapgyrlarynda bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da syýasy-hukuk, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşlerimiziň depgini güýçlenýär. Işleri guramakda, taslamalary amala aşyrmakda şu döwre çenli toplanan tejribeler, ýokary derejeli usullar täze ösüş maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň pugta daýanjy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň geçen hepdede Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça amala aşyran iş saparlarynyň ähmiýeti barada hem giňişleýin söhbet edildi.
Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli işleriniň geljekde hem rowaçlyga beslenmegi arzuw edildi.