«Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk kepili, Döwlet baýdagy — halkara parahatçylygyň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat
2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Daşary işler, Bilim ministrlikleri, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk kepili, Döwlet baýdagy — halkara parahatçylygyň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri wagyz etmek, tejribe alyşmak maksady bilen guralan bu çärä Mejlisiň deputatlary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.


