«PARAHATÇYLYGYŇ WE ABADANÇYLYGYŇ BERK BINÝADY» ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

  2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi edarasynyň Mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň  bilelikde  guramagynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak   ýyly» mynasybetli «Parahatçylygyň we abadançylygyň berk binýady» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresinde edilen täsirli çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli  Lideri Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, şanly ýylymyzyň taryhy wakalary barada, ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler, parahat Diýarymyzy gülledip ösdürmek babatda alnyp barylýan beýik işler barada, üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna uly itergi berýänligi barada giňişleýin aýdylyp geçildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!