«MEDENIÝET-HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI» ATLY DABARALY MASLAHAT
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň bilelikde guramagynda «Medeniýet-halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi» atly dabaraly maslahat geçirildi. Şanly «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň» şygaryny dabaralamak bilen maslahatda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda bolup geçýän özgerişler, ýeňişler barada, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan içeri we daşary syýasaty, hemişelik Bitaraplygymyz, eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleri barada täsirli çykyşlar edildi. Dabaraly maslahatyň dowamymda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlandy. Maslahata gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!


