2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçiriljek aýdym-sazly dabaraly maslahat

2026-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Türkmenistanyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramaklarynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynyň we ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçiriljek aýdym-sazly dabaraly geçirildi.

Döwletli Diýarymyzda täze ýyla beýik üstünliklere başlangyç bolýan ýagşy arzuw-umytlar bilen gadam goýuldy. Bu ýyl Gündogar müçenamasy boýunça ýylky ýyly bolup, ýelden ýüwrük bedewleriň gadymy mekany hasaplanýan türkmen topragynda öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň ýene bir taryhy döwri başlandy. Bedew täze menzillere, ösüşiň belentliklerine ymtylyşy alamatlandyrýar. Ol halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşylarynyň biridir. Bu gün ahalteke atlarymyz gözelligi, ýyndamlygy, şan-şöhraty bilen bütin dünýäde ýurdumyzyň at-abraýyny belende göterýär. 2026-njy ýylyň 3-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy dabaraly belleniljek täze ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen joşgunly şygarynyň we nyşanynyň many-mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirilen aýdym-sazly dabara hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek äşgär etdi. Dabarada çykyş edenler täze ýylymyzyň «tumary» bolan, ýurdumyzyň ösüşleriniň depgin-badyna deňelýän bedewlerimiz, ýylky ýylynyň üstünlikli garşy alynmagy, täze ýylyň şygarynyň we nyşanynyň many-mazmuny dogrusynda täsirli gürrüň berdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli özgertmelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň hemişe sag, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de uly üstünliklere we rowaçlyklara beslenmegi baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwly sözler çykyşlaryň ählisiniň içinden eriş-argaş bolup geçdi.

Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde berkarar Watanymyzyň bedew batly okgunly ösüşleri, halkymyzyň agzybirligi we tutanýerli zähmeti bilen gazanylýan belent üstünlikler öz beýanyny tapdy.

Dabaraly maslahatyň ahrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.