«Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar — Watanymyzyň röwşen geljegi» atly maslahat

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlar — Watanymyzyň röwşen geljegi» atly maslahat geçirildi. Milli Liderimiziň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlamagy mynasybetli geçen umumy okuw sapagynyň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlanan çärede çykyşlara giň orun berildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýyly şanly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigini sahawatly güýzüň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen möhüm taryhy wakalar aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylyp ulanmaga berlen paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenabatdaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň enjamlaşdyrylyşy, bu bilim ojaklarynda döredilen döwrebap okuw-terbiýeçilik şertleri halkara ülňülere kybap gelýän milli bilim ulgamynyň döredilýändigine şaýatlyk edýär.

Maslahatda söz sözlänler Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ösüş döwrüniň aýratynlyklaryny örän çuňňur hem aýdyňlyk bilen açyp görkezendigine üns çekdiler. Nygtalyşy ýaly, watansöýüjiligiň hemişelik Bitaraplygymyz bilen baglanyşdyrylyp beýan edilmegi ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bitaraplygyň uly mümkinçilikleri, bu ynsanperwer syýasaty ösdürmegiň täze maksatlary hakda täzeçil pikirler öňe sürüldi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň öz işini has-da güýçlendirjekdigine ynam bildirildi. Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan beýik üstünliklerini dowam etmekde ýaşlara uly ornuň degişlidigini nygtamak bilen, ýaş nesliň edep-terbiýesi, maşgala gymmatlyklary, milli miras, beýik şahsyýetlerimiz barada giňişleýin durup geçdi.

Milli Liderimiziň ýiti paýhasynyň, durmuş tejribesiniň halkymyzy, şol sanda ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýandygy hakda hem maslahatda giňişleýin gürrüň edildi. Bu barada alym Arkadagymyz umumy okuw sapagynda ýaşlaryň kalbyna täsir edýän pikirleri ussatlyk bilen diňleýjileriň dykgatyna ýetirdi. Şunda iň gymmatly mirasyň terbiýedigi, ynsanyň bagtyýarlygynyň diňe ýazgydyna däl-de, oňa siňdirilen terbiýä hem baglydygy nygtaldy. Çykyş edenler Milli Liderimiziň ýurduň, jemgyýetiň öňündäki raýatlyk borjuny çyn ýürekden duýýan, kämil ene-atanyň terbiýesini alan beýik şahsyýetdigini buýsanç bilen nygtap, okuw sapagynda öz mähriban atasynyň we kakasynyň nusgalyk ömür ýoly hakda gürrüň berendigini aýtdylar. Şonuň ýaly-da çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy sapagynyň ýaşlar üçin ýol-ýörelgä öwrüljekdigi, olaryň Watana, ylym-bilime, kitap okamaga, milli däp-dessurlarymyza, şöhratly taryhymyza, maşgala mukaddesliklerine söýgüsini artdyrjakdygy, watandaşlarymyzy täze üstünliklere, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmete ruhlandyrjakdygy bellenilip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş türkmenistanlylar bilen ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan şeýle nusgalyk umumy okuw sapagyny geçendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.