«Garaşsyz Türkmenistan bedew batly ösüşler ýolunda» atly hoşallyk maslahat
2026-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Garaşsyz Türkmenistan bedew batly ösüşler ýolunda» hem-de Arkadag şäherinde «Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy — berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady» atly hoşallyk maslahatlary geçirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem dürli pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatlary Milli Liderimiziň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwürde gazanylýan ösüşlere, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan çäreleriň üstünlikli geçmegine hem-de olaryň ähmiýetini wagyz etmäge bagyşlandy.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahat başlanmazdan öňinçä, oňa gatnaşyjylar köpöwüşginli sergini synladylar. Sergide ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergä aýratyn many-mazmun bagyşlady. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary çäräniň dabaralylygyny artdyryp, oňa baýramçylyk öwüşginini berdi.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň türkmen halkynyň döwletlilik toýuna öwrülendigine üns çekdiler. Şol günlerde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Çykyşlarda Watanymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ösüş-özgerişiň has belent derejelerine ýetýändigi, at-abraýynyň halkara derejede has-da ýokarlanýandygy, türkmen halkynyň belent maksatlara tarap ynamly öňe barýandygy nygtaldy. Söz sözlänleriň belleýşi ýaly, 23-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisi milli demokratik ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezdi. Onuň dowamynda il-ýurt bähbitli möhüm çözgütler, resminamalar kabul edildi. 27-nji sentýabrda milli baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni ýatdan çykmajak täsirli wakalara beslendi. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş geçirilip, onuň dowamynda Milli goşunymyzyň goranyş ukyby, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda 29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy halkymyzyň kalbyny joşdurdy. Bu il-ýurt bähbitli taryhy wakalaryň her biri Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda döwlet bilen halkyň jebisligini, ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşyny, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdi.
Umumymilli forumda täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek barada möhüm wezipeler kesgitlenildi. Olary ýerine ýetirmek boýunça ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan saldamly işler durmuşa geçirilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaralar agzybirligiň, bagtyýarlygyň egsilmez ruhuny, erkinligiň, özygtyýarlylygyň sarsmaz güýjüni, Watanymyzyň ägirt uly kuwwatyny alamatlandyrdy. Olaryň ählisinde bedewiň keşbiniň we ruhunyň özboluşly şöhlelendirilmegi halkymyzyň ynsanperwerlige, dost-doganlyga, parahatçylyga we asuda geljege beslenen arzuw-maksatlarynyň beýanyna öwrüldi. Şeýle ruhubelentlik Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda hem dowam etdi. Oňa ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy, bu ýerde örän uly baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilmegi, üstün çykanlara baýraklaryň gowşurylmagy bedew batly ösüşlerimiziň dowam boljakdygyny buşlady. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň seýislän Daghan atly bedewi bilen toý çapyşygyna gatnaşmagy bedew janköýerlerinde hoşallyk, tutuş halkymyzda buýsanç döretdi. Ýaryşda üstün çykan Gahryman Arkadagymyzyň özüne gowşurylan gymmat bahaly ýeňil awtoulagy Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, Kerimguly Berdimuhamedowyň gulluk edýän harby bölümine sowgat bermegi türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň häzirki zaman ruhunda dowam etdirilýändigini äşgär etdi. Bular barada çykyş edenler buýsançly nygtap, behişdi baýlygymyzyň nesilleriň arasynda ümmülmez baglanyşygy üpjün edýän milli gymmatlykdygyny aýtdylar.
Ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, halkymyzyň agzybirligi, bagtyýarlygy, Diýarymyzyň abadançylygy, bedew batly ösüşleri belentden wasp edildi.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra paýtagtymyzdaky «Şamelek» toý mekanynda toý sadakasy berildi.


