Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça degişli işler dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar, kadaly gögeriş alynýar. Şeýle hem welaýatda pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi, bugdaý ekilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi, pagta hasylynyň bellenen möhletlerde ýitgisiz ýygnalyp alynmagy babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeler berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda» Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu Kararda bellenen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam etmek bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän özgertmelere goşýan goşandyny has-da artdyrjakdygyny, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna uly itergi berjekdigini belläp, degişli Karara gol çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirmek, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler utgaşykly ýerine ýetirilýär. Sebitde pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, hususan-da, pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň geljek ýylda bol hasyl almagyň esasydygyny aýtdy we bu jogapkärli möwsümiň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda alnyp barylýan işler baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaý ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar, tagt suwuny tutmak işleri tamamlandy. Ekişde tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny netijeli işletmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak hem-de bökdençsiz kabul etmek boýunça hem degişli işler ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Mundan başga-da, ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnamak işi guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň ýitgisiz, gysga möhletde ýygnalyp alynmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý ekişi bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işlerini öz wagtynda tamamlamak, kadaly gögeriş almak boýunça zerur işler geçirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalaryndan we ekiş gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde, ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle-de welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy, welaýatyň Dänew etrabynyň Dänew şäherindäki 154 orunlyk hassahananyň hem-de Saýat etrabynyň Saýat şäherindäki 150 orunlyk hassahananyň durkuny täzelemek işleriniň tamamlanandygy we ulanyşa taýýar edilendigi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi hem-de bugdaý ekişiniň, ideg, suwaryş işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, pagta hasylynyň bellenen talaplara laýyklykda ýygnalyp alynmagyny, şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly anyk görkezmeler berildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatyň durky täzelenen hassahanalarynyň ulanyşa berilmegi mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda bugdaý ekişi bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bugdaý ekişi bilen birlikde, bugdaý ekiljek meýdanlary gurplandyrmak we ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak boýunça zerur çäreler geçirilýär. Bugdaý ekişinde degişli tehnikalaryň, gurallaryň doly güýjünde işledilmegi üpjün edilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly harmanhanalarda kabul etmek we pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen birlikde, häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi we bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, gant şugundyryny ýygnamak boýunça işleriň bökdençsiz geçirilmegini berk gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer, ilki bilen, “Arkadag şäherinde binalary we desgalary gurmak hakynda” Karara gol çekendigi üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallygyny beýan edip, bu taryhy çözgüt bilen Arkadagly Serdarymyzy we Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen oba hojalyk toplumynyň adyndan hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitlerde geljek ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda ekiş möwsümi dowam edýär. Bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek maksady bilen, onda ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ekiş bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.

Şeýle hem pagtaçy daýhanlarymyz tarapyndan welaýatlarda ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Ýygnalan hasyly harmanhanalarda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça hem zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde we bökdençsiz geçirilmegini, pagta ýygymyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegini, şaly oragynyň we gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleriniň talabalaýyk geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilen hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny, geljek ýylyň hasyly üçin ekiş geçirilen ýerlerde ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we bu jogapkärli möwsümiň bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/38113/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-91