Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabatda we onuň töwereklerinde giň möçberli özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäginde amala aşyrylýan işleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynda hem-de Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň barşyny synlady. Şunda adamlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şol sanda amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen bagly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda dürli maksatly binalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, şäheriň ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygyna, olaryň abadanlaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Baş şäherimiziň döwrebap ýollary, seýilgäh zolaklary, ekologik ýagdaýy bir bitewi sazlaşygy emele getirip, paýtagtymyzyň şähergurluşyk derejesini has-da belende göterýär.

Aşgabadyň günbatar böleginde, hususan-da, “Gurtly” we “Köşi” ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary guruldy. Bu toplumlarda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine aýratyn üns berildi. Belentlikden şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi bilen baglanyşykly meseleler hem yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Aşgabadyň günbatar künjegine tarap ugur aldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäklerinde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we häzirki döwürde gurluşygy batly depginde dowam edýän toplumlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlap, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ekologik kadalara kybap gelýän bu desgalar gurlanda, ylmyň ýokary gazananlary we bu ulgamda ösen tejribeler işjeň ulanylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyz tarapyndan gurluşyk taslamalaryna bildirilýän talaplaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan we yzygiderli tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berildi. Munuň özi ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň köpugurly ösdürilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwletlilik binýadynyň berkemegine, ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, Watanymyzy beýik ösüşlere ýetirmäge gönükdirilen uzak möhletleýin iri maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň hojalyk düzümini mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, täze şäheriň çägini giňeltmek boýunça Karar kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.

Uçuşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň beýik geçmişiniň şaýady bolan Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasyny synlady. Bu ýerde degişli rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar. Munuň özi türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden kuwwatly döwletleri baradaky maglumatlaryň geljek nesillere ýetirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Giň gerimli täzeçil taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşilmegi netijesinde paýtagtymyzda ugurdaş desgalaryň iri toplumy döredildi. Munuň özi döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň ýokarsynda öwrüm etdi. Şu günler bu ýerde başy başlanan gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň desgalarynyň üstüni ýetirjek täze merkeziň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow şäheriň merkezi böleginde ýerleşýän seýilgäh zolagy, onuň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalary synlady we seýilgähiň arassaçylygyny, abadançylygyny üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Häzirki döwürde raýatlarymyz üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bir hatarda, olaryň ýokary derejeli dynç alşynyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär. Seýilgähde şäher ilatynyň we onuň myhmanlarynyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan, gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen, ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýän halkara lukmançylyk merkezleriniň birnäçesi hereket edýär. Şeýle desgalaryň gurulmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Aşgabadyň günorta böleginde Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr.

Paýtagtymyzda durmuş düzümine degişli binalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda häzirki zaman saglyk edaralarynyň gurluşyklaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek. Aşgabadyň merkezi böleginde bina edilýän Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler kesgitlenen meýilnama laýyklykda dowam edýär. Munuň özi täze merkeziň gurluşygynyň öz wagtynda we ýokary hilli tamamlanjakdygyny görkezýär.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän künjegine tarap ugur aldy.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzyň desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şäheriň demirgazyk künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, hususan-da, “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çägindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny synlady. Şeýle işleriň giň gerimi we depgini adamlaryň saglygy baradaky alada gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli bolan häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyna, ozal bar bolanlarynyň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagyna, desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini bellemek gerek.

Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, adamlaryň göwnejaý ýaşamagy we zähmet çekmegi, ösüp gelýän ýaş nesliň toplumlaýyn bilim almagy üçin oňaýly şertleri döretmek bilen bagly wezipeleriň çözülmegi paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Ilatyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek ak mermerli Aşgabatda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň esasyny düzýär. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi ugrunda yzygiderli alada edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow uçuş mahalynda şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlap, ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, “Güneşli” ady bilen bina ediljek täze merkeziň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz täze toplumyň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmelidigini belläp, onuň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, tämiz howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologik gurşawyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna şatlyk bagyşlar.

Döwlet Baştutanymyz bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary, döredijiligiň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri we olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, çagalaryň zähmete bolan höwesini artdyrmak meselelerine-de möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz merkeziň taslamalary taýýarlananda we onuň gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň nurana geljegini gurujylar bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilimli-terbiýeli, zähmetsöýer nesiller bolup ýetişmeklerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, desganyň gurluşygynda döwrüň ösen tejribeleriniň we ylmyň gazananlarynyň netijeli ulanylmagyna wajyp ähmiýet berilmelidir. Binalaryň talabalaýyk ýagdaýda enjamlaşdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýaşlaryň halal zähmete, netijeli işlere we çeper döredijilige bolan höwesiniň ýokarlanmagynda ähmiýetlidigini belläp, bu ugra degişli binalaryň gurluşygynda çagalaryň zähmet endiklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen düzümleriň döredilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini nygtady. Munuň özi şahsyýetiň döwrebap bilimli-terbiýeli we zähmetsöýer bolup ýetişmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda ak mermerli Aşgabadyň ähli künjekleri sazlaşykly ösdürilýär. Şunda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly üns berilýär. Şeýlelikde, şäheriň günorta künjegindäki “Parahat” ýaşaýyş toplumynyň çäklerinde şeýle desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilip alnyp barylýan işleriň netijesinde döredilýän ýaşaýyş toplumlarynyň desgalary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyza “Parahat” ýaşaýyş toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy hem-de Aşgabadyň şu künjeginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde maksatnamalaýyn özgertmeleriň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen tanşyp, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän syýasatyň uly rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Paýtagtymyzyň ýaşaýyş toplumlarynda gurulýan desgalar we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary aşgabatlylar üçin ajaýyp sowgatdyr. Munuň özi şähergurluşyk strategiýasynda durmuş ugrunyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk işleriniň we meýilleşdirilen ähli çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň yzygiderli ýola goýuljakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçuşy tamamlap, öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 

https://tdh.gov.tm/tk/post/38648/turkmenistanyn-prezidenti-paytagtymyzda-we-arkadag-saherinde-alnyp-barylyan-gurlusyk-isleri-bilen-tanysdy