Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak, ekişde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin kabul edilip alnan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerleri kesgitlenilip, sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek ýerleri, ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri meýilnamalaýyn esasda geçirilýär. Ekişde ulanyljak tehnikalar we gurallar, ýokary hilli gowaça tohumlary möwsüme taýýarlanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, onuň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, ekiş möwsüminde pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny, onuň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýar etmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinleriň ýazky möwsüminde ekiljek meýdanlaryny kesgitlemek hem-de tohumlaryny taýýarlamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri meýilnamalaýyn esasda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan işleriň, gant şugundyryny ýygnamagyň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak babatda degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlary şu ýylyň ýazky ekişine taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýar edilmegini, gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/39257/turkmenistanyn-prezidenti-sanly-ulgam-arkaly-maslahatyny-gecirdi-102