Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de Maşgala we Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Weterinariýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda kanun taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak boýunça işler dowam etdirilýär.

Abraýly halkara düzümler we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hem aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşyk hakynda habar berildi. Duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Mejlisiň deputatlary ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň we BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň Aziýa ýurtlary üçin sebit merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran maslahatlaryna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Birleşiginiň Konferensiýasynyň 18-nji maslahatyna gatnaşdylar.

Şeýle hem deputatlaryň döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, giňden wagyz etmek hem-de milli kanunçylygyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýandygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegini üpjün etmek we ilatyň ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, azyk önümlerini öndürýän paýdarlar jemgyýetlerini dolandyrmagy kämilleşdirmek we olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmek maksady bilen, degişli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek we olaryň binýadynda süýt önümlerini we ýag öndürýän zawodlary döretmek baradaky teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Munuň özi Türkmenistanda ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan çuň guýularda barlag işlerini geçirmek hem-de uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan nebiti we gazy çykarmak bilen bagly işleri netijeli ýerine ýetirmek babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda adaty guýulardan tapawutly bolan çuň guýularyň önümli gatlaklaryny barlamak hem-de özleşdirmek işini halkara tejribä laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, guýularyň önümçiligini ýokarlandyrmak we täze çuň guýulary burawlamak üçin nebitgaz ýataklarynda döwrebap ugurdaş enjamlar, tehniki serişdeler bilen üpjün etmek babatda ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny belledi hem-de nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda degişli işleri geçirmäge mümkinçilik berjek täze enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, şol sanda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri, ekin meýdanlarynda tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri dowam etdirilýär. Oba hojalyk tehnikalary, gurallar möwsüme taýýarlanylýar.

Şeýle hem 16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak üçin goşmaça suw gorlaryny döretmek we suw serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda ähli tagallalar edilýär. Mundan başga-da, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça degişli işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere welaýatlarda meýilleşdirilen beýleki möwsümleýin oba hojalyk işlerine, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabatda meýilleşdirilen täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň G.Kulyýew köçesi bilen “Täze zaman” ýaşaýyş toplumyna barýan awtomobil ýolunyň kesişýän ýerinde täze awtomobil köprüsini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary hilli awtomobil ýollaryny we köprüleri gurmak hem-de durkuny täzelemek işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinde täze awtomobil köprüleri gurlanda, döwrebap binagärlik-gurluşyk talaplaryndan ugur alynmalydygyny nygtap, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň 20-nji dekabryndaky Kararyna laýyklykda, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda degişli sergini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Onda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 230-dan gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler, şu döwürde gazanan üstünliklerini görkezerler. Oňa gabatlanyp geçiriljek maslahatda telekeçileriň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” hususy ulgamy ösdürmek babatda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hususy telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetde hususy pudagyň tutýan ornunyň barha artýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen serginiň hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 21-nji martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” Ahal welaýaty hem-de Aşgabat şäheri boýunça Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýörite meýilnama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, şeýle hem “Nowruznama” kitaby esasynda taýýarlanylan medeni-köpçülikleýin dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bu ýerde özboluşly türkmen obasy döredilip, onda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary giňden beýan ediler. Şunuň bilen birlikde, amaly-haşam sungatynyň sergisini, döredijilik toparlarynyň konsertini, milli oýunlary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, Arkadag şäheri boýunça baýramçylyk dabaralaryny, degişlilikde, welaýat merkezlerindäki “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabaralaryň ählisinde türkmen halkynyň medeni mirasynyň köpöwüşginliligi aýdyň beýanyny tapar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 21-nji martda Halkara Nowruz güni mynasybetli baýramçylyk dabarasynyň ýokary derejede geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Milli bahar baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän baýramçylyk dabaralarynyň giňden guralmagyny hem-de ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen özara hyzmatdaşlyk has-da berkidilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25-26-njy aprelinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň bilelikdäki tagallalary esasynda guralar.

Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy maslahatyň esasy maksady dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylarynyň, arheologlarynyň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala çekmek bilen, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden hem-de medeni diplomatiýany ösdürmekden, olary halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr. Maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem daşary ýurtlardan taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, ýaş alymlaryň, ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasy hem türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we wise-premýere «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi we onuň işine alymlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Döwletimiziň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek teklip edilýär.

Bu geňeşiň işi degişli wezipeleri çözmäge gönükdiriler. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak, tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak wezipesi bar. Şeýle hem guramanyň çäklerinde halkara başlangyçlary öwrenmek, türkmen tarapy üçin maksadalaýyklygyna görä, olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” we ýurdumyzda kabul edilen hereketleriň milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň işiniň wajypdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Türkmendemirýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçy we ýük otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň demir ýollarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin zerur çäreleriň görülýändigi aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimizde demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýolagçy we ýük otlularynyň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin demir ýollarda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ertir Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bagtyýar döwrümizde zenanlarymyz ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda amala aşyrýan özgertmelerimiziň durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

https://tdh.gov.tm/tk/post/39872/turkmenistanyn-ministrler-kabinetinin-mejlisi-115