Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyz TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkyny gurama agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Mejlisiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz TDG-ä agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady. Bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygyna we TDG-niň Baş sekretaryna, şeýle hem ýygnananlaryň ählisine: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana hoş geldiňiz!» diýen sözler bilen ýüzlendi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi goldandyklary we ýurdumyza gelendikleri hem-de şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşiniň ozalky mejlislerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmek we berkitmek babatda guramanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryndaky maslahat beriş häsiýetli birnäçe möhüm teklipler öňe sürüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini açyk diýip yglan edip, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma söz berdi.

TDG-niň maslahat beriji edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny we ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, şu günlerde Aşgabatda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Şunda guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk onuň işine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyza çakylygy we mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň belleýşi ýaly, geňeşiň işi ýokary baha mynasyp boldy. Munuň özi TDG-niň 2023-nji ýylyň noýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen 10-njy sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Astana Jarnamasynda-da beýanyny tapdy. Bu bolsa geňeşiň işjeň hereket edýän düzüme öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Nygtalyşy ýaly, ägirt uly mümkinçilikleriň bolmagy, doganlyk halklaryň raýdaşlygy, birek-biregi goldamak, netijeli köpugurly hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyza durnukly ösüşde oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Türki döwletlerdäki abadançylyk we durnukly ösüş köp babatda sebitdäki durnuklylyga ýardam edýär. Şu maksatlar bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy döwletara hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi. Şunda ykdysady we söwda, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda hem-de beýleki geljegi uly ugurlarda özara gatnaşyklara uly üns berilýär. Şeýle hem Aksakgallar geňeşiniň agzalarynyň TDG-niň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy baradaky meselä seredildi.

Çykyşynyň ahyrynda myhman Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mejlisiň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözleri, çuň manyly çykyşy üçin TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe söz berdi.

TDG-niň Baş sekretary Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we hemmelere Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Çykyşynyň dowamynda Kubanyçbek Omuraliýew TDG-niň 2023-nji ýylyň noýabrynda Astanada geçirilen sammitiniň netijeleriniň türki döwletleriň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän wajypdygyny belledi. Şunda doganlyk ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň we raýdaşlygynyň berkeýändigi bellenildi. Munuň özi sebitiň, dünýäniň täze wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki döwründe uly ähmiýete eýedir.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýet, täjirçilik we maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Ynsanperwer ulgam gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Bilelikdäki forumlary, şol sanda ylmy maslahatlary geçirmek bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir.

Energetika türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň TDG-niň Astanada geçirilen sammitinde gurama gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň maksadalaýykdygy barada aýdan teklibiniň örän derwaýysdygy bellenildi.

TDG-niň Baş sekretary şu ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigini belledi. Ol hemmeleri bu şanly wakalar mynasybetli gutlap, TDG-niň baýramçylyk çärelerini geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary çykyşyny tamamlap, Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna aýdylan maslahatlar üçin hoşallyk bildirdi we olaryň TDG-niň Sekretariaty tarapyndan gatnaşyjy ýurtlaryň degişli edaralaryna iberiljekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna çuň mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, mejlisiň dowamynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik we duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň wekiliýetiniň düzümine bu ýurduň Garaşsyzlygynyň berkarar bolmagyna we pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşan meşhur hem-de hormatly aksakgallaryň girizilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň aksakgallaryň özara saparlary baradaky pikiriniň geljekde asylly däbe öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şeýle hem Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine giren ýaşulularyň türkmen dilinde erkin gürleýändikleri bellenildi.

Ikram Adyrbekow düýn TDG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň, şol sanda ynsanperwer we ekologiýa ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolandygyny nygtap, türkmen-gazak gatnaşyklary barada aýratyn durup geçdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Gahryman Arkadagymyzy türkmen halkynyň umumy ykrar edilen Lideri, türki dünýäniň ajaýyp döwlet işgärleriniň biri hökmünde tanaýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-gazak dialogy strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Şunda ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde hemişe birek-birege özara goldaw berýärler. Şeýle hem söwda-ykdysady, üstaşyr ulag ulgamlarynda, obasenagat pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, Astana şäheriniň merkezi köçeleriniň birine beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ady dakyldy. Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär.

Çykyşynyň ahyrynda Ikram Adyrbekow döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. 

Gahryman Arkadagymyz netijeli we manyly çykyşy üçin Gazagystanyň wekiline minnetdarlyk bildirip, nobatdaky çykyş üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň şu gezekki mejlisini dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjy hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hemmeleri şanly sene — görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady. Beýik şahyryň we akyldaryň döredijiligine türki döwletleriň halklary tarapyndan ýokary baha berilýär.

Medetkan Şerimkulow köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini nygtap, Gahryman Arkadagymyza ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän, däp bolan döwletara dialogy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de geçirilýän duşuşyklar, olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Çykyşda Aşgabatda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmeginiň türki döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, Medetkan Şerimkulow Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täsirli çykyşy üçin Gyrgyzystanyň wekiline minnetdarlyk bildirip, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýewe söz berdi.

Özbegistanyň wekili Gahryman Arkadagymyzy, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygyny, guramanyň Baş sekretaryny hem-de mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, hemmeleri mukaddes Oraza aýynyň gelmegi, şeýle hem Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady.

Myhman döwletara gatnaşyklaryň taryhy-medeni kökleriň umumylygyna daýanyp, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Iki ýurduň paýtagtlarynda ýerleşýän ajaýyp “Aşgabat” we “Daşkent” seýilgähleri iki doganlyk halky baglanyşdyrýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň işi barada aýdylanda, onuň, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy üpjün etmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady taýdan goşulyşmak ýörelgelerini öňe sürýändigi nygtaldy. Ekologiýa, ynsanperwer ulgam, şol sanda ylym, bilim we medeniýet, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek ýaly meseleler, energetika, ulag, maýa goýumlar, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem TDG-niň üns merkezinde durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň geçen ýyl Astanada geçirilen sammitinde guramanyň çäklerinde köptaraply we uzak möhletli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen teklipleriň hem-de başlangyçlaryň birnäçesi beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, aksakgallaryň esasy wezipesiniň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan bu başlangyçlary ýakyndan goldamakdan ybaratdygy baradaky pikir aýdyldy.

TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy öz çykyşynda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek meselesi barada hem durup geçip, innowasiýalara tarap ymtylýan zehinli ýaşlary höweslendirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, türki halklaryň baý medeni mirasyny, halk döredijiligini aýawly saklamagyň we giňden wagyz etmegiň ähmiýeti nygtaldy. Halk döredijiliginde ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-nesihatlary jemlenip, bahasyna ýetip bolmajak belent ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň wekiline täsirli we manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, nobatdaky çykyş üçin TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýadan agzasy Attila Tilkä söz berdi.

Dostlukly ýurduň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabada gelmäge we şu mejlise gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, türki döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk wenger ykdysadyýetine oňyn täsir edýär. Wengriýa bilen TDG-niň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlar dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunda bilim ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, TDG-ä agza döwletleriň ýaşlary muňa uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda bilim ulgamynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygy nygtaldy. Beýleki möhüm ugurlarda, şol sanda suw hojalygy ulgamynda hem özara bähbitli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.

Attila Tilki TDG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýanyň wekiline çuň manyly çykyşy üçin sagbolsun aýdyp, netijeli pikir alyşmalar hem-de beýan edilen oňyn teklipler üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini guraýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki mejlise gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerde türki halklaryň hormat-sarpaly, akyl-paýhasly, mynasyp wekilleriniň jemlenendigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Aksakgallar geňeşiniň geçen gezekki mejlisinde ençeme möhüm teklipler, şol sanda geňeşiň nobatdaky 15-nji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Türkmenistanda bu teklip ruhubelentlik we uly jogapkärçilik bilen garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýdyp, Aksakgallar geňeşiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Geňeş türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berýär.

Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet derejesinde oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çözgütleriň kabul edilmegine, içerki we halkara durmuşyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge ýardam edýär. Ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olara dogry ýoly salgy bermekde bu geňeşiň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr.

Biziň işimiz türki halklaryň agzybirliginiň, doganlygynyň we özara goldawynyň synmaz daýançlarynyň biri bolup, häzirki döwürde bu aýratyn möhümdir. Umuman, men Aksakgallar geňeşiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň jemgyýetçilik, durmuş-ynsanperwer, medeni ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülmelidigine ynanýaryn. Ol döwlet derejesinde gazanylan çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Geňeş guramanyň halkara ynsanperwer gatnaşyklaryna goldaw berip, halk diplomatiýasyna işjeň gatnaşmalydyr. Şu babatda öňümizde uly wezipeler, bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikler bar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň geňeşiň çäginde ýakyndan işleşmegi berk maksat edinýändigini tassyklady. Biz çäreleri meýilleşdirmäge we guramaga işjeň gatnaşarys, Aksakgallar geňeşiniň abraýyny hem-de ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bereris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki ýönekeý bolmadyk halkara şertlerde türki döwletleriň agzybirliginiň we raýdaşlygynyň möhümdigini, halklarymyzyň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şu düşünjeler ähli bilelikdäki taslamalaryň hem-de başlangyçlaryň esasynda durmalydyr. 

Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň, şol sanda onuň möhüm halkara soraglar boýunça umumy strategiýasy kesgitleýji häsiýete eýe bolmalydyr. Türki döwletleriň ysnyşykly, netijeli hyzmatdaşlygy olaryň ykdysady ösüşiniň, hal-ýagdaýynyň, bäsdeşlige ukyply bolmagynyň möhüm şertidir. Biziň öz gatnaşyklarymyzy häzirki döwrüň talaplary esasynda ýola goýmak bilen, umumy ösüş binýadymyza esaslanmagymyz möhümdir. Biz köpasyrlyk oňyn tejribä daýanyp, taryhy dowamatlylygy üpjün edýäris we ol öz netijelerini hem berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň hyzmatyny we ornuny dikeltmek zerurdyr. Şoňa düşünip, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga yzygiderli we uzak möhletli häsiýet bermegiň, geljegi uly ugurlara aýratyn üns bermegiň zerurdygyna esaslanýar.

Şol ugurlaryň biri energetika bolup durýar. Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmegi möhüm hasaplaýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini üpjün eder. Iri energiýa öndüriji döwletleriň biri bolan Türkmenistan doganlyk ýurtlara energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär. Bu döwletleriň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar.

Şeýle-de biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar. Biz energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyrys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip bolar. Şonda türki döwletler geografik taýdan ýakynlygyndan, serişde kuwwatyndan, eltmegiň serişdelerinden doly möçberde peýdalanyp bilerler.

Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir.

«Türki guşak» köp asyrlar mundan ozal adamzadyň ösüşine ägirt uly oňyn täsirini ýetirdi. Ol Gündogar we Günbatar medeniýetleriniň ösüşini geografik taýdan baglanyşdyryp, dürli ugurlarda bilimleriň, gazanylan üstünlikleriň giňden alşylýan ýeri boldy. Ýüzýyllyklara çeken bu iş taryhy ykbaly, köplenç, türki dünýä goňşulygy bilen kesgitlenen onlarça halky hem-de döwletleri öz içine aldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir gürrüň türki halklaryň bu beýik taryhy wezipesi barada gaýtadan oýlanmak we oňa uýgunlaşmak hakynda barmalydyr diýip, şonuň üsti bilen Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurluşyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işe durnukly hem-de yzygiderli häsiýet bermeli.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik biziň geňeşdäki işimiziň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň halklarymyz diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gatnaşyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris. Däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan, borja ygrarlylygymyzdan el çekmeýäris.

Häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere tejribämizi, müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasymyzy geçirmek hem möhümdir. Ýaşlarda geçmişimize söýgi döretmek, olary halkyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr. Men şunda biziň geňeşimiziň işiniň esasy wezipeleriniň birini, bu ugurda döwlet tagallalary üçin daýanç hökmünde onuň ornuny görýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu sene türki döwletlerde hem giňden bellenilip geçiler. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Magtymguly diňe bir türkmen milletiniň buýsanjy däldir. Ol ähli türki dünýäniň guwanjydyr, biziň halklarymyza mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň we edermenligiň nusgasydyr. Magtymguly hut şu häsiýetleri wasp edip, halklarymyzyň beýikligi hem-de gülläp ösmegi barada arzuw edipdir. Bu gün biz onuň kesgitlän ýoly bilen bilelikde öňe barýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, mejlisiň dowamynda Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alşylandygyny belledi. Köp sanly täzeçil garaýyşlar we anyk başlangyçlar beýan edildi.

Hususan-da, häzirki zaman jemgyýetindäki çylşyrymly ösüş meýilleri göz öňünde tutulanda, türki halklaryň arasynda ýokary ahlagy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, edep-ekramy we sylag-hormaty wagyz etmek hem-de mynasyp ýaş nesli kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.

Şu gün biz doganlyk türki halklarymyzyň gülläp ösmegine we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegine ýardam berjek wezipeleri geňeşmek maksady bilen, şu ýere jem bolduk. Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň dowamynda beýan eden maslahatlarymyzyň we kabul eden çözgütlerimiziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmakda, Türki Döwletleriň Guramasynyň ösüş ugruny kesgitlemekde hökman ulanyljakdygyna berk ynanýaryn diýip, Milli Liderimiz belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Mejlisiň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi.

Şeýlelikde, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi 

https://tdh.gov.tm/tk/post/39928/asgabatda-turki-dowletlerin-guramasynyn-aksakgallar-genesinin-15-nji-mejlisi-gecirildi