Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu senäniň her ýyl uly ruhubelentlikde giňden bellenilmegi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň güwäsi bolup durýar.
Halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde munuň üçin ähli şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar, taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Degişli düzümler döwrebaplaşdyrylyp, ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk, sport maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe we sport saglygy berkitmegiň, beden hem ruhy taýdan öz-özüňi kämilleşdirmegiň ýoludyr. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sport çärelerine gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Sport bilen bagly meseleler ýurdumyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň iň gözel ýerleriniň birine öwrüldi. Onuň çäginde ýöriteleşdirilen sport toplumlarynyň ençemesi bolup, olarda iri halkara ýaryşlaryň birnäçesi üstünlikli geçirildi. Şolaryň hatarynda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, 2023-nji ýyldaky Kuraş boýunça dünýä çempionatyny hem-de 12 ýaşa çenli ýaş türgenleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýanyň toparlaýyn ýaryşyny görkezmek bolar.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem ajaýyp mümkinçilikler döredildi. Bu ýerde sportuň suwdaky görnüşlerini ösdürmek üçinem ähli zerur şertler bar. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşyň tapgyrynyň geçirilendigini bellemek gerek. Türkmenistan şol ýaryşlar arkaly ilkinji gezek ýelkenli sport boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşdy.
Soňky döwürde ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. 15 — 20-nji aprelde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Oňa döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary esasynda taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Umuman, häzirki döwürde Türkmenistan türgenleşikleri geçirmek, türgenleriň ussatlygyny kämilleşdirmek, sport ulgamyna degişli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ägirt uly tejribä hem mümkinçiliklere eýedir. Döwletimiziň yzygiderli goldawlary netijesinde türgenlerimiz ajaýyp üstünlikleri gazanýarlar. Ýurdumyzyň sportdaky üstünlikleriniň hatarynda köp sanly baýraklary, şol sanda 2021-nji ýylda Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda gazanylan kümüş medaly görkezmek bolar. Bularyň ählisi dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň belende göterilmegine, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlarynyň ilerledilmegine ýardam berýär.
...Irden welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeri bolan Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyna sport çäresine gatnaşyjylar ýygnandylar. Şolaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary bar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Ýygnananlaryň arasynda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri, talyplar, ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan we umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylary, Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirýärler.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň kerweniniň öňüni çekdi. Hormatly Prezidentimiziň yzysüre hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň giň we ajaýyp şaýollary bilen sazlaşykly herekete başladylar.
Mälim bolşy ýaly, welosiped ulagyň ekologik taýdan iň arassa görnüşidir. Şonuň üçin-de hereket etmegiň, gezelenç etmegiň, sport bilen meşgullanmagyň serişdesi hökmünde welosipedi saýlap almak bilen, adam diňe bir öz saglygyny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawy aýawly saklamaga hem goşandyny goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ekologik abadançylyk bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Bu möhüm şert bilen baglylykda, yzygiderli geçirilýän welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri terbiýeçilik häsiýetine hem eýedir.
Toplumlaýyn we ylmy esasda tebigaty goramak strategiýasyny durmuşa geçirýän ýurdumyz dünýäniň ekologik ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna goşant goşmak bilen, derwaýys ählumumy wezipeleriň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda, şol sanda welosiped sportuny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň başlangyçlary halkara giňişlikde giň goldawa mynasyp bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2022-nji ýyllarda kabul edilen Kararnamalar munuň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak baradaky başlangyç Türkmenistanyň möhüm ekologik meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň dekabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP28) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde guramanyň resmi dilleriniň altysynda çap edilip ýaýradyldy.
Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde paýtagtymyzda, tutuş ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi giňelýär. Döredilýän seýilgähler, seýilbaglar, tokaý zolaklary ýerli howa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. 16-njy martda guralan asylly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Şol gün ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzüm nahallarynyň müňlerçesi oturdyldy.
...Döwlet Baştutanymyzyň başyny çekýän welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň kerweni öz ýoluny dowam etdirýär. Ýazyň ir säheriniň jana ýakymly arassa howasy, Köpetdagyň etegindäki tebigatyň ajaýyp ýerleri, Aşgabadyň haýran galdyrýan görnüşleri gözüňi dokundyryp, ruhuňy göterýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ugrunda ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň we türgenleriň görkezme çykyşlary baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrýar.
Welosipedli ýörişiň dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýola goýlan asylly däpleri dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekde ildeşlerimize görelde bolýar.
Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygy dikeltmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň ajaýyp serişdesidir. Bu ugurda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Ýeri gelende bellesek, Bütindünýä saglyk gününiň döredilmegi BSGG-niň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Guramanyň Tertipnamasy 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde güýje girdi. Ýurdumyz möhüm ählumumy meseleleriň çözülmegine anyk goşant goşmak bilen, BSGG-niň çäginde halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär.
Welosiped sporty barada aýdylanda, ol tutuş dünýäde giňden ýaýrandyr we örän meşhurdyr. Mälim bolşy ýaly, 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Türkmenistanda welosportuň taryhy XIX asyryň ahyrlaryndan, ýagny 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilen gününden gözbaş alýar. Bu jemgyýet eýýäm şol döwürde uly gyzyklanma döredýän welosipedli ýaryşlary gurapdyr we sportuň bu görnüşiniň meşhur bolmagyna öz oňyn täsirini ýetiripdir. Şondan bäri 130 ýyl geçdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman sport desgalary bar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde halkara ölçeglere laýyk gelýän üsti ýapyk welotrek toplumy ýerleşýär. Bu ýerde «Aziada — 2017-niň» maksatnamasyna girizilen welosiped sürmek boýunça ýaryşlar geçirildi. Ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň sany barha artýar. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň çagalary we ýaşlary aýratyn özüne çekýändigini bellemelidiris. Ýaş türgenler sport çärelerine hemişe ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Şu gezekki çärä hem Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.
Welosiped sportunyň we welosipedli gezelenç etmegiň ynsan saglygyna peýdasy uludyr. Welosport bilen meşgullanmak özüňi oňat duýmagyň kadaly derejesini üpjün edýär. Sebäbi welosiped ekologik bähbitler bilen bir hatarda, bedeni taplamagyň hem özboluşly türgenleşik serişdesi hasaplanýar. Onda gezelenç etmek immuniteti ýokarlandyrmagyň, dürli keselleri bejermegiň, şol bir wagtda beden myşsalaryny berkitmegiň netijeli şertidir. Ol bedeniň hereket ediş, dem alyş ulgamlary üçin ajaýyp türgenleşikdir. Onuň netijesinde bedeni kislorod bilen iýmitlendirmegiň derejesi ýokarlanýar. Mundan başga-da, welosiped sürülýärkä edilýän kadaly hereket we dem alyş fiziki dartgynlylygy aradan aýyrmagyň iň gowy usulydyr. Ylmy barlaglar welosiped sürlendäki kadaly beden hereketiniň ukynyň hilini gowulandyrýandygyny, aňyň pikirlenişini ýokarlandyrýandygyny, ynsan bedeniniň garramagynyň derejesini peseldýändigini görkezdi.
Hemme ýaşdaky adamlar üçin elýeterli, ony dolandyrmagyň ygtybarly we aňsat bolmagy welosipediň esasy aýratynlygydyr. Welosiped sporty, welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç almak üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. Ol ýylyň islendik möwsüminde arassa howada wagtyňy hoş geçirmäge şert döredýär. Eger-de welosipedli gezelenjiň ugry tebigatyň gözel ýerleriniň içinden geçse, onda adamyň özüni duýşy has-da gowulanýar.
Welosipediň çagalar we ýaşlar üçin peýdasy uludyr. Welosiped sürmek sazlaşykly hereket etmegi, deňagramlylygy saklamagy öwrenmäge ýardam berýär. Her bir gezelençden soňra, çaga özüni has başarjaň, ynamly duýup başlaýar. Bu onuň sport endiklerinde we häsiýetinde-de oňyn şöhlelenýär. Welosipedli gezelençler bil oňurgalaryny berkidýär, bedeni dik saklamaga kömek edýär. Welosipedde gezelenç etmek ünsüňi bir ýere jemlemäge ýardam edip, göz myşsalaryny türgenleşdirýär. Şeýle hem ol sanly tehnologiýalar asyrynda kompýuteriň başynda wagtyny köp geçirýän okuwçylar we talyplar üçin aýratyn möhümdir. Welosipedli gezelençler nerw ulgamyna oňyn täsirini ýetirip, okuw işlerini aňsat ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Umuman, bularyň ählisi ýaş nesliň saglygyna, aň-paýhas işjeňligine oňyn täsir edýär.
Häzirki döwürde welosiped dürli ýerlere gitmek, şol sanda işe we öýe gidip gelmek üçin amatly ulag serişdesi hökmünde-de giňden peýdalanylýar. Munuň özi işe başlamazdan öňinçä iň gowy beden maşky bolup durýar. Bu gün sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň arasynda welosipedli syýahat etmegiň meşhurlygy barha artýar. Işjeň dynç alşyň bu görnüşi gyzykly syýahatlara çykmaga, täze-täze duýgulary başdan geçirmäge, dünýägaraýşy giňeltmäge, tebigat gözelliklerinden lezzet almaga mümkinçilik döredýär.
...Bellenen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň şaýollary bilen dowam etdirdi. Gaýtalanmajak binagärlik sazlaşygy bilen tapawutlanýan Aşgabat sebitiň we dünýäniň iň gözel, ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biridir. Paýtagtymyzyň birnäçe desgalary, şol sanda paýtagtymyzyň özi ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döredýär.
Welosipedli ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedowa ýüzlenip, Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek, ekologik abadançylygyny üpjün etmek, şäher düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, hususan-da, täze seýilgähleri, seýilbaglary hem-de beýleki ýaşyl zolaklary döretmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň hemmetaraplaýyn amatly ýaşaýyş-durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Ýaz paslynyň gülleýän keşbine beslenen seýilgähler we seýilbaglar ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda paýtagtymyzyň günorta künjeginde beýik türkmen şahyrynyň adyny göterýän täze medeni-seýilgäh toplumy açylar. Şu mynasybetli geçiriljek dabaralar döredijilik mirasy dünýäniň medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanar.
...Ir säherden Aşgabatda hemmelere şatlyk-şowhun eçilýän ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar ony Bitarap Türkmenistan we A.Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerinde tamamladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sport-sagaldyş çäresine gatnaşyjylara berk jan saglyk, üstünlikleri arzuw edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, şu gün guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly döredijilikli syýasatynyň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri we sport ösüşlere tarap ynamly öňe barýan jemgyýetimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
***
Şu gün Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýörişler Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem guraldy. «Tegelek stol» maslahatlary, duşuşyklar, ylmy-amaly maslahatlar, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar we görkezme çykyşlary, wagyz-nesihat, bedenterbiýe-sagaldyş, medeni çäreler geçirildi. Bu çäreler bilim alýan ýaşlary, edara-kärhanalaryň işgärlerini, türgenleri bir ýere jemledi. Bu ajaýyp baýrama bagyşlanyp, teleradio gepleşikleri taýýarlanyldy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde makalalar çap edildi.
Halkymyzyň rowaçlygyny we bagtyýar durmuşyny maksat edinýän öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny durmuşa geçirip, Türkmenistan daşary döwletler we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport diplomatiýasyny ilerletmäge, parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmäge, sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi gazanmaga mynasyp goşant goşýar.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi