Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň infrastrukturasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzda degişli çäreler geçirilýär, şäherleriň we ilatly ýerleriň suw üpjünçilik ulgamlary kämilleşdirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, anyk maksada gönükdirilen işler häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 8-nji maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilendigini bellemek gerek.
Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyrýan ilkinji döwletleriň biri hökmünde Türkmenistan BMG tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barýar.
Diýarymyzda suwy rejeli peýdalanmak babatda baý tejribe toplandy. Bu tejribe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen däplerine daýanýar. Häzirki döwürde bu parasatly ýörelgeden ugur alnyp hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan usullardyr öňdebaryjy tejribeler arkaly suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek boýunça çemeleşmeler kämilleşdirilýär, bu ugurda degişli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçinem uly ähmiýeti bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, beýleki abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Şunda Türkmenistan tarapyndan halkara giňişlikde işjeň ilerledilýän suw diplomatiýasy köptaraply hyzmatdaşlygyň wajyp mehanizmi hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň milli, sebit we ählumumy gurallarynyň utgaşdyrylmagyna, olaryň özara üstüniň ýetirilmegine ünsi çekýär. Şunda suw, ekologik, howa görkezijileri ilkinji nobatda ähmiýet berilmeli talaplaryň hatarynda kesgitlenilýär. Döwletimiz BMG-niň bu ugurlardaky degişli resminamalaryny tassyklap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda we beýleki giň gerimli forumlarda anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu teklipleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy olaryň möhüm ähmiýetini tassyklaýar. Türkmenistan suw meselesine jogapkärçilikli we uzak möhletleýin esasda çemeleşip, häzirki döwrüň derwaýys wezipelerini çözmek boýunça halkara tagallalara uly goşant goşýar.
...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynda gurlan täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň ýerleşýän ýerine geldi.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, giň halk köpçüligi ýygnandy. Açylyş dabarasyna gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mübärekleýärler. Ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdym-sazly, tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz dabara üçin ýörite taýýarlanan mejlisler zalyna barýar.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulanmaga berilýän binalaryň we desgalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belledi. Şolaryň biri hem Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desgadyr. Şeýle-de şu gün Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslary sowgat hökmünde gowşurylar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda suwa gymmatly hazyna hökmünde garandygyny, ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňändigini nygtady. Ata-babalarymyz suwy oýlanyşykly peýdalanmagyň dürli usullaryny ulanypdyrlar. Dag eteklerinde ýerasty kärizleri gazypdyrlar, suwy ýygnamak üçin ýörite howuzlary gurupdyrlar, suw çykarmak üçin jykyrlary döredipdirler. Pederlerimiziň bu asylly ýörelgeleri häzirki wagtda Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap usulda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler.
Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri-de ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň çäklerinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini rejeli peýdalanmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zamanyň kämil enjamlary oturdylan suw arassalaýjy desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desga açylyp ulanmaga berildi. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Gyzylarbat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany, Türkmengala etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu döwrebap desgalar ilatymyzy ýokary hilli arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge ýardam eder. Arassa agyz suwy adamlaryň saglygyny goramaga, ömür dowamlylygyny artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär.
Şu gün Aşgabat şäherinde açylyp ulanmaga berilýän häzirki zaman suw arassalaýjy desgasy hem ilatymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde alyp barýan syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze desganyň gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna iki ugur boýunça paýlanar. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Bu bolsa işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek 150-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen.
Biz geljekde-de ýurdumyzyň suw serişdelerini tygşytly ulanmak üçin döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde suw arassalaýjy desgalary, suw ulgamlaryny gurmak boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan paýtagtymyz Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakyn günlerde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda döwrebap edara we söwda maksatly binalar, ilatymyzyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, iki gatly 136 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi, şeýle hem paýtagtymyzyň ilatyna häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy, bu ýerde agyz suwunyň arassalanylyşynyň tehnologik amallary we onuň sarp edijilere goýberiliş ulgamy barada maglumat berýän wideofilm görkezilýär.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda suw hojalygy pudagyna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar. Bu pudagyň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Aşgabat şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan we Germaniýanyň öňdebaryjy «PSE» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalary, nou-haulary bilen enjamlaşdyrylan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylmagy munuň aýdyň güwäsidir. Bu desganyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda amala aşyryldy.
Desganyň suw üpjünçiligi Garagum derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän, göwrümi 1 million kub metr bolan açyk görnüşli suw howdanyndan gözbaş alýar. Howdanda tebigy usulda durlanan suw birinji suw göteriji bekediň awankamerasyna öz akymyna akyp gelýär. Bu beketde dünýäniň öňdebaryjy «KSB» kompaniýasynyň enjamlary ornaşdyryldy. Soňra suw agyz suwuny arassalaýjy desga iberilýär, zyýansyzlandyrylýar we süzgüç howuzlaryna akdyrylýar. Birinji tapgyrda suwuň düzümi iri goşundylardan arassalanylýar. Soňra ol ergin garyjy howuzlara tarap gönükdirilip, elektroliz binasynda taýýarlanylýan alýuminiý sulfaty, polielektrolit we gipohlorid natriý erginleri bilen garylýar. Arassalamagyň ikinji tapgyrynda suw süzülmek üçin iki gat süzgüçli (antrasid hem-de kwars çägesi) howuzlara paýlanylýar, onuň düzümi hapa maddalardan doly arassalanylýar. Soňra gipohlorid natriý ergini arkaly zyýansyzlandyrylýar.
Suwy arassalamagyň netijesinde süzgüçlerde toplanan galyndylar ýörite ulgam arkaly läbik çökündi howuzlaryna akdyrylýar. Howuzlarda çöken läbik kömekçi binada gurnalan ýörite enjamlaryň kömegi bilen suwsuzlandyrylýar. Şunda emele gelen çökündisiz suw bolsa ýörite howuzda jemlenip, gaýtadan suw arassalaýjy bina gönükdirilýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy suwy tygşytly ulanmakdan hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmekden ybaratdyr. Süzgüçlerden geçen we zyýansyzlandyrylan arassa agyz suwy iki sany suw howzunda jemlenip, ikinji suw göteriji bekede iberilýär. Soňra ol iki ugur boýunça paýlaýjy-suw geçiriji ulgama akdyrylýar. Şeýlelikde, täze desganyň işe girizilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berer.
Wideofilm tamamlanandan soňra, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Markus Behrendte söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimize we dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, suw hojalygy ulgamynda, nebitgaz pudagynda baý iş tejribesi bolan german kompaniýasynyň adyndan şu günki çärede çykyş etmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu taslamanyň milli hem halkara ölçeglere laýyk gelýändigi nygtaldy. Inženerçilik, enjamlar bilen üpjün etmek hyzmatlaryndan başga-da, kompaniýa desganyň gurluşygynyň alnyp barylmagyna maslahatçy hökmünde gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, jenap Markus Behrendt «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ähli zerur ölçeglere laýyk gelýän suwy öndürýändigini tassyklaýan güwänamany gowşurmaga şatdygyny belledi.
Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda jenap Markus Behrendt Aşgabat şäheriniň häkimine desgadaky önümçilik amallarynyň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Standartlaşdyrma boýunça german institutynyň (DIN), GOST standartynyň ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýan «PSE Engineering GmbH» kompaniýasynyň güwänamasyny gowşurdy.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Stambul tehniki uniwersitetiniň professory, doktor Hasan Jan Okutana söz berildi. Myhman hormatly Prezidentimizi we dabara gatnaşyjylary, Türkmenistanyň doganlyk halkyny, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň işe girizilmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ulanylan tehnologiýalar Ýewropa Bileleşiginiň «Iň gowy tehnologiýalar» (BAT) we «Iň gowy ekologik tejribeler» (BEP) resminamalarynda kesgitlenen talaplara laýyk gelýär. Bu desgadan alnan, barlaghanalarda seljerilen suwuň düzümi Türkiýäniň standartlaryna (TSE EN), Halkara Standartlaşdyrma Guramasynyň (ISO), Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) standartlaryna laýyk gelýär. Munuň özi bu suwuň daşky gurşaw hem adamyň saglygy üçin zyýansyzdygyny subut edýär. Bularyň ählisi degişli güwänamada öz beýanyny tapdy.
Professor Hasan Jan Okutan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynda hereket edýän tehnologiýalaryň ÝB-niň resminamalarynda kesgitlenen talaplara we ýokary halkara standartlara laýyk gelýändigini tassyklaýan Stambul tehniki uniwersitetiniň güwänamasyny dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäheriniň häkimine gowşurdy.
Mejlisler zalyndan çykyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine şäheriň ilaty üçin niýetlenen täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny gowşurdy.
Häkim Arkadagly Gahryman Serdarymyza paýtagtymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň rowaçlygy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaraly pursat ýetip gelýär: dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we täze agyz suwuny arassalaýjy desgany açýar. Şol pursatda dürli reňkli şarlar asmana uçurylýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz desganyň esasy suw arassalaýjy binasyna ugrady we ýol ugruna ýurdumyzda öndürilýän alkogolsyz içgileriň sergisi bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda bu önümleriň dürli görnüşleriniň öndürilýändigini we olara sarp edijileriň uly isleg bildirýändiklerini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda dürli görnüşli gazlandyrylan, witaminli içgiler, sitrus we beýleki miweleriň, ir-iýmişleriň tagamlary bolan sowuk çaýlar, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlar, miweleriň, gök önümleriň şireleri, minerallaşdyrylan, gaplanan arassa agyz suwlary bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agza kärhanalarynyň azyk senagatynyň bu pudagynda guwandyryjy işleri alyp barýandyklaryny, importyň ornuny tutýan harytlary öndürmäge, Watanymyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýandyklaryny nygtamaly. Olaryň öndürýän önümleri azyk harytlarynyň hil we howpsuzlyk boýunça ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýär. Bu bolsa olaryň diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň önüm öndürijileri harytlaryň gaplanyşyna hem uly üns berýärler. Şunda gorag aýratynlyklaryndan we ekologik taýdan arassalyk görkezijisinden başga-da, olaryň göze gelüwliligi hem möhümdir. Alkogolsyz içgiler plastik we aýna çüýşelere, dürli göwrümli «Tetra Pak» görnüşli karton gaplara gaplanýar. Olaryň hemmesi özüne çekiji daşky keşbi, özboluşly dizaýny bilen tapawutlanýar. Ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan bu önümleriň görnüşleri yzygiderli artýar. Tomus möwsüminiň başlamagy bilen, olara bildirilýän isleg ep-esli ýokarlanýar.
Esasy binada hormatly Prezidentimizi hünärmen mähirli garşylady we döwlet Baştutanymyzdan agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow düwmä basyp, täze desgany ulanyşa girizdi. Monitoryň ekranynda agyz suwuny arassalamagyň tapgyrlary we desgada ornaşdyrylan ýöriteleşdirilen enjamlar görkezilýär.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz toplumyň edara binasynda ýerleşýän dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy merkeziň işi bilen tanyşdyrýar. Onuň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr.
Tehnologik amallar we gurnalan enjamlaryň işleýşine gözegçilik bu ugurda uly tejribä eýe bolan Germaniýanyň «PSE» kompaniýasynyň nou-haulary esasynda amala aşyrylýar. Dolandyryş merkezinde arassalanan agyz suwuny sarp edijilere bellenen möçberde ibermek, zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Şunuň bilen birlikde, barlaghana bölüminiň görkezmeleri esasynda suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki koagulýantlaryň — alýuminiý sulfaty we gipohlorid natriý erginleriniň bellenen tehnologik kadalara laýyklykda garylmagyna gözegçilik edilýär.
Hormatly Prezidentimiz täze suw hojalyk desgasy bilen tanyşmagyny dowam edip, himiki-bakteriologik barlaghana bardy hem-de onuň işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Hünärmeniň gürrüň bermegine görä, barlaghana dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilendir. Onuň esasy wezipesi arassalanan suwuň hiline, suw arassalaýyş tehnologiýalarynyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybarat. Ýörite enjamlar — turbidimetr, kolorimetr hem-de beýleki kömekçi enjamlar arkaly gije-gündiziň dowamynda her sagatda suwuň durulygyna, düzümindäki galyndyly hlor erginine, her iki sagatdan bulançaklygyna we aýda bir gezek arassalanan suwuň himiki düzümine doly seljerme geçirilýär. Alnan netijeler kompýuter tory arkaly dolandyryş merkezine iberilýär.
Hormatly Prezidentimiz desganyň edara binasyndan çykyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýolbaşçysyna pudak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň hem-de ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, çäräniň geçirilýän ýerinden ugrady.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherinde döwrebap «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň ulanyşa girizilmegi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Watanymyzyň täze taryhynda ýene bir möhüm waka öwrülip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi